To­kaý­da ýa­şa­ýan me­kir til­ki her ga­bat ge­le­nin­de, pi­şi­je­giň üs­tün­den gül­ýän eken. Gün­ler­de bir gün til­ki pi­şi­ge:
– Sy­çan tut­ma­ga ök­de­di­gi­ňi bil­ýän. Ha­ny, aýt ba­ka­ly, eliň­den baş­ga nä­me­ler gel­ýär? – di­ýip­dir.
Pi­şik:
– Baş­ga uky­bym ýok, ýö­ne aga­ja-da dyr­ma­şyp bil­ýän – di­ýip­dir.
Pi­şi­jek til­ki­niň özü­ni kem­sid­ýän­di­gi­ne ga­ty gy­nan­ýan eken. Til­ki bol­sa, her sapar özü­ni öw­ýän eken. Bir ge­zek til­ki:
– Men aw­çy­lyk­da we yz çal­mak­da örän us­sat. Aw­çy­lardan gaçmakda hem men­den öňe geçjek ýok­dur – di­ýip­dir.
Pi­şik ýü­zü­ni aşak sa­lyp:
– Sen men­den be­ýik – di­ýip­dir. Bu sözleri aýd­ýan ma­ha­ly hem pi­şik haý­sy­dyr bir zat­dan gor­kup, daş-tö­we­re­gi­ne ga­ran­jak­la­ýar­my­şyn. Özün­den göw­ni hoş til­ki­niň mu­ňa ga­ha­ry ge­lip:
– Sen me­ni diň­le­män, ýalt-ýult edip, eý­läk-beý­läk se­re­dip dur­suň – di­ýip­dir.
Pi­şik:
– Men se­ni diň­le­ýän, ýö­ne uzak­dan dür­li ses­ler gel­ýär. Iki ta­zy hem-de bir at­ly bä­ri gel­ýän ýa­ly-la – di­ýip­dir.
Til­ki:
– Me­niň pi­ki­rim­çe sen düý­şür­ge­ýäň öýd­ýän di­ýip, ýe­ne özü­ni öwüp baş­lap­dyr. Gör­se, pi­şik ýe­ne-de gor­ky bi­len daş-töweregine se­red­ýär­mi­şin.
– Sen me­ni diň­lä­ňok, beý­le-de gor­kak­lyk bo­lar­my? – di­ýip­dir.
Pi­şik:
– Sen hiç zat eşi­de­ňok­my? Bu aw­çy­la­ryň se­si – di­ýip­dir-de, bir tow­san-da gap­da­lyn­da­ky aga­ja dyr­ma­şyp­dyr. Şol bar­ma­na iki sa­ny äpet it til­kä ta­rap yl­gap gel­ýär­mi­şin. Til­ki gor­ku­sy­na gaç­jak bo­la­nyn­da, büd­räp ýy­ky­lyp­dyr. Ga­lyp gaý­ta­dan ga­çyp baş­la­nyn­da, ýe­ne iki sa­ny it peý­da bo­lup­dyr. It­ler aga­ja dyr­ma­şan pi­şi­ge-de üýr­ýär­mi­şin. Em­ma, it­le­riň ýa­ny­na ge­lip bil­me­jek­di­gi­ni bil­ýän pi­şik, ar­ka­ýyn otyr­my­şyn. Ol aga­jyň şa­ha­syn­da otu­ran ýe­rin­den:
– Ha­ny häl­ki aý­dan ukyp­la­ry­ňy, in­dem, gör­kez ba­ka­ly – di­ýip gy­gy­ryp­dyr. Me­kir til­ki bol­sa, ulum­sy­lyk edip ýal­ňy­şan­dy­gy­na puş­man edip­dir.

Edebiýat, ETIKA tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir