Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan wakalara baý bolan, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde üstünliklere, şan-şöhrata beslenen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýyl hem tamamlanyp barýar. Şu günler mähriban Diýarymyzyň ähli ýerlerinde Täze, 2019-njy ýyly garşylamaga giňden taýýarlyk görlüp, dürli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Täze ýylyň şatlyk-şowhuny halkymyzyň uludan-kiçä hemmesiniň kalbyny heýjana salýar.
Toý-baýramlaryň hemmesi hem gowy. Ýöne şolaryň arasynda Täze ýyl baýramy Ýer ýüzüniň ynsanlarynyň iň eý görýän baýramydyr.
Türkmen halky ýagşy arzuwlar, dilegler bilen Täze ýyly garşy alýar. Türkmeniň her bir öý-ojagynda, maşgalasynda Täze ýyl gijesinde Aýazbaba bilen Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Muňa körpejeler has hem uly şatlyk, höwes bilen garaşýarlar.
Her bir maşgalada Täze ýyl baýramy üçin arçalary bezemek asylly däbe öwrüldi. Her ýyl dürli zerler, owadan şarlar, naşyja oýnawaçlar bilen boýdan-başa bezelen arçalaryň daşy döwre gurap aýdym aýdyp, tans edýän çagajyklaryň şadyýan gülküsine gurşalýar. Gijelerine dürli öwüşgin bilen ýanýan çyralar ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşup, halkymyzyň kalbynda şatlyk duýgularyny joşdurýar.
Täze ýyly garşylap, köne ýyly hormat bilen taryhyň gatlaryna ugratmagyň hem öz şatlygy, begenji bar. Ýene-de sanlyja günlerden ajaýyp arzuwlar, hoşniýetli we aýdyň umytlar bilen Täze – 2019-njy ýyly – “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýyly halkymyz agzybirlikde, jebislikde garşylarlar. Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlanar. Uly feýerwerk yşyklary asman giňişligini nurlandyryp, bagtyýar halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygyny bezär.
Ine, ýyl ahyrlanyp, Täze ýyl baýramçylygy barha golaýlaýar. Bu baýramçylyk bütin dünýäde uly şowhun, şatlyk bilen bellenip geçilýär. Bedew bady bilen öňe barýan güneşli Diýarymyzda hem Täze ýyl baýramçylygy uludan baýram edilýär. Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli dürli medeni çäreler geçirilýär.
Esasy baýramçylyk dabarasy Baş arçanyň töwereginde geçirilýär. 31-nji dekabr güni paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary onuň töweregine ýygnanýarlar. Meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlary konsert maksatnamalary bilen çykyş edýärler. Baýramçylyk dabarasy dürli öwüşgündäki feýerwerkler bilen utgaşyp gidýär.
Dünýäniň dürli ýurtlary Täze ýyl baýramçylygyny öz gadymdan gelýän däp-dessurlaryna görä garşylaýar. Gadymýetden bäri halklaryň arasynda “Täze ýyly nähili garşylasaň, bütin ýyly şeýle geçirersiň” diýen ynanç hem bar. Her gezek Täze ýyl gelende öý bikelerini esasy gyzyklandyrýan sowallaryň biri Täze ýyl saçagyny dürli-dümen zatlar bilen bezemeklik bolup durýar. Olar Täze ýyl saçaklaryny türkmen milli tagamlary, dürli işdäaçarlar bilen bezeýärler. Ýylyň ähli paslynda dürli miwe we bakja önümleri biziň bazarlarymyzda bar. Çünki Türkmenistan Watanymyz bolçulygyň hem mekanydyr.
Goý, uly ynam, ýagşy umyt-arzuwlar, gowy niýetler bilen gadam basjak Täze - “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylymyz hem halkymyz üçin abadançylygyň, bagtyýarlygyň, rysgal-berekediň, rowaçlygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun! Maşgala ojaklarynda Täze ýylda agzybirlik we asudalyk höküm sürsün! Täze ýyl ata Watanmyza şan-şöhrat, halkymyza bagtyýarlyk getirsin!
Ýetip gelýän Täze 2019-njy ýyl gutly bolsun!
messibet 5 years ago- Sagbol, size-de düşümlisi bolsun!