Bir ge­zek sy­ýa­hat­çy ga­ýyk­çy­dan özü­ni beý­le­ki ke­na­ra äkit­me­gi­ ha­ýyş edip­dir. Ýo­lag­çy ga­ýyk­da otu­ran wag­ty kü­re­giň ýü­zün­dä­ki ýaz­gy­lar onuň ün­sü­ni çe­kip­dir. Ola­ryň bi­rin­de “Pi­kir­len” beý­le­ki­sin­de bol­sa, “Ber­jaý et” di­ýen ýaz­gy bar eken.
– Se­niň birgeňsi kü­rek­le­riň bar — di­ýip, sy­ýa­hat­çy dil­le­nip­dir. – Ýog­sa-da olar nä­me üçin?..
Ga­ýyk­çy ýyl­gy­ryp: – Se­ret – di­ýip­dir. Ol il­ki di­ňe “Pi­kir­len” di­ýen ýaz­gy­ly kü­re­gi bi­len kü­rek­le­mä­ge baş­laýar. Ga­ýyk du­ran ýe­rin­de pyr­lan­ma­ga baş­lap­dyr.
– Kä­wagt­lar men bir zat­lar eden­di­rin, oý­la­nan­dy­ryn, me­ýil­leş­di­ren­di­rin öýd­ýär­dim… Ýö­ne ola­ryň hiç bi­ri­sem peý­da ber­me­di. Bir gör­sem, edil şu ga­ýyk ýa­ly du­ran ýe­rim­de aý­la­nyp du­ran eke­nim.
Ga­ýyk­çy soň­ra di­ňe “Ber­jaý et” di­ýen ýaz­gy­ly kü­regi bilen kü­rek­le­mä­ge baş­lap­dyr. Ga­ýyk ýe­ne-de pyr­la­nyp ug­rap­dyr, ýö­ne bu ge­zek baş­ga bir ta­ra­pa.
– Kä­wagt­lar baş­ga bir çä­re­le­re ýüz ur­ýar­dym. Köp güý­jü­mi we wag­ty­my dereksiz sarp ed­ýär­dim. Pi­rik­len­män, oý­la­nyp-öl­çer­män hereket ed­ýär­dim. Ýö­ne ne­ti­je­de, ýe­ne-de şol bir ýer­de aý­la­nyp durardym.
– Ine gör­şüň ýa­ly, in­di çep kü­rek bi­len sag kü­re­gi saz­la­şyk­ly çek­me­gi­mi ýat­la­dar ýa­ly ola­ryň ýü­zü­ne şeý­le ýaz­gy­ny ha­şam­la­dym, di­ňe şon­da is­le­ýän menzili­ňe ýetip bol­ýar – di­ýip, ga­ýyk­çy ýyl­gy­ryp­dyr.

Edebiýat, SiziňÝalyBiri tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir