Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik aňyny ösdürmek üçin milli mirasymyzyň içgin öwrenilmelidigine ünsi çekip, alymlaryň, döredijilik adamlarynyň öňünde uly wezipeleri goýdy. Türkmen halkynyň ruhy hazynasy iňňän baý, ol aňyrsy-bärsi görünmeýän ummany ýatladýar. Halk döredijiliginiň ähli görnüşi çuňňur terbiýe mekdebi bolup durýar.
Adamzat çagasynyň dünýä inip, azandan soňra eşidýän ilkinji owazy ene hüwdüsi. Ajaýyp hüwdi bentleri çaga terbiýesinde uly ähmiýete eýe. Şonuň üçin-de, milli mirasymyzyň öwrenilmegine ak ýollar açylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hüwdülere bagyşlanan ýörite festiwalyň geçirilmegi örän täsirli çäreleriň birine öwrüldi.
Çaganyň dogulmagy bilen bagly dörän täsin hüwdi setirlerini hem däp-dessur folklorynyň hataryna goşmaklyk ýerliklidir, çünki çagany huwwalamak her bir öýde däbe öwrülipdir, türkmen ojagynda hüwdi sesini eşitmän ulalan çaga tapaýmak mümkin däl. Şeýle hem çugdamja bir oýnam şygyr bendinde halkymyzyň däp-dessurlary özüniň aýdyň beýanyny tapypdyr. Türkmeniň mukaddes, keramatly ojagynyň, törüniň ýaraşygy bolan sallançagyň ýanynda aýdylýan hüwdüler ene kalbynyň täsin owazy bolup ýaňlanýar. Ajaýyp mahmal owaza ýugrulan hüwdi, bir tarapdan, çagany meýmiredip uka batyrsa, başga bir tarapdan, ol hüwdiniň owazyna diňşirgenip, manysyny kalbyna siňdirip oturan uly ýaşly çagalaryň terbiýesine hem oňyn täsirini ýetirýär.
Her bir enäniň arzuwy çagasynyň sagdyn, edermen, batyr, ilhalar ýigit, edepli, utanç-haýaly, başarjaň, işeňňir gyz bolup ýetişmegidir. Şonuň üçin-de, mährem ene özüniň täze doglan çagasyny huwwalamak üçin şirin-şirin hüwdüleri döredýär, öňki bilýänlerinden gowularyny saýlap alýar. Hüwdülere enäniň päk arzuwlary siňipdir. Hüwdi bentlerinde ene öz çagasyna gudraty güýçli Biribardan uzak ýaş, her bir ädiminde goldaw, hemaýat dileýär:

Allan allalar etsem,
Arkalarma ýaý etsem,
Alla uzak ýaş berse,
Bar ýygnanmy toý etsem.

Alla allanyň bolsun,
Alla ýaranyň bolsun,
On iki ymam, dört çaryýar
Şolar ýaranyň bolsun.

Çagany hüwdüläp oturan zenanlar — enesi, mamasy, ejesi, aýal doganlary çagany bela-beterden, howp-hatardan gorap saklamagyny gudraty güýçli Alladan diläp, Oňa ýüzlenýärler. Eneleriň ýürek hyjuwyndan, perzende bolan söýgüsinden, yssy mährinden dörän bu çeper setirlerde enäniň, umuman, aýal maşgalanyň ýagşy arzuw-niýetleri jemlenendir. Hüwdülerde millilik çogup dur.

Aýjemalym otursyn,
Eline ýüwse ötürsin,
Deň-duşlary gelende
Gaýma gaýap otursyn.

Allan-allan alaşar,
Garma donlar ýaraşar,
Jambörügi başynda,
Gelin-gyzlar daşynda.

Pähim-paýhasly pederlerimiz terbiýe meselesinde görüm-göreldäniň hem-de ynsana Alla tarapyndan berlen sözüň güýjüne uly ähmiýet beripdirler. Şol sözüň güýji bilen dörän ajaýyp hüwdüleri diňläp, ösüp-ulalan çagalar ilhalar, zähmetsöýer ýigitler, işeňňir, eli çeper gyzlar bolup ýetişipdirler. Çagasynyň, aýratyn-da, ogul perzendiniň ulalyp, ýurtgorar, ynsaply, ygrarly, lebzihalal, mert ýigit bolup ýetişmegi her bir enäniň göwün maksady dälmi eýsem?! Çugdamja bir oýnam şygyr bendinde halkymyzyň däp-dessurlary, ahlak ýörelgeleri, şeýle hem ýaş enäniň, çagany huwwalaýan uýalaryň, ýeňňeleriň, eneleriň, mamalaryň gursakdaky isleg-arzuwlary aýdyň beýanyny tapypdyr.
Täsin hüwdi bentlerini diňläp, ýagşy gylyk-häsiýetli ynsanlaryň müňlerçesi ýetişip, olar hem bu ajaýyp setirleri hakydalarynda saklap, biziň döwrümize ýetirmegiň hötdesinden gelipdirler. Türkmen halky ruhubelent, gaýduwsyz, şadyýan, şahandaz halk. Bular ýaly milli häsiýetleri geljekki nesillerimize ýetirmekde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň hyzmaty çäksiz. Hüwdüler geçmiş taryhymyzy nesillere elýeterli etmekde hem iň ygtybarly çeşmeleriň biridir.

Edebiýat, TDUmaksat tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir