Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan hoşniýetli goňşuçylyga, dünýäde parahatçylygy goldamaga, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan bu gün dünýäniň ençeme döwletlerini, halklaryny birikdirýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, hyzmatdaşlyga şert döredýän, döwrebap awtoulag ýollaryny, demir ýollary gurýar, howa gatnawlaryny ösdürýär, deňiz-derýa hyzmatdaşlygyndaky mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Täsin inženerçilik desgalary – ulag gatnawlarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna ” öwrülýän demir ýollar we awtomobil ýollary we köprüler bu gün ýurdumyzyň, tutuş sebitiň ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Bu ugurdaky bitirilen işleriň hatarynda Amyderýanyň üstünden ägirt uly inženerçilik desgasynyň – Atamyrat – Kerkiçi demir ýolunyň golaýyndan çekilen hem-de Lebap welaýatynda Amyderýanyň üstünden iri awtomobil we demir ýol köprüleriniň, Aşgabat we Türkmenabat, Mary şäherlerinde halkara howa menzilleriniň gurulmagy, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň ulag babatda möhüm halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy mejlislerinde öňe sürlüpdi. Bu mejlislerde BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek barada Ýörite maksatnamasyny döretmek meseleleri barada gürrüň edilipdi. Şunda 2012-nji ýylda Aşgabatda «Orta Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ulag hem-de üstaşyr gatnawlaryň ösüşiniň geljegi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi geoykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze ädimi şertlendiripdi.
2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny we Durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahatyň jemleýji gününde Aşgabat jarnamasyna gol çekildi.
Ynha, golaýda, ýany 28-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirmeginde döwletara hyzmatdaşlygyň orny», «Ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde logistika kompaniýalaryň ähmiýeti», «Infrastruktura we ulag mümkinçilikleri», «Multimodal daşamalar hem-de onuň dolandyrylmagy» ýaly mowzuklar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda her bir döwlet öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan iki yklymyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, bu ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak maksady bilen üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ähli görnüşlerini ösdürmek babatda giň gerimli işleri alyp barýar.
Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda RECCA-nyň Aşgabatda geçen VII forumynyň möhüm üstünligi — Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda «Üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygy hakynda» ylalaşyga (Lapis Lazuli ugur boýunça ylalaşyk) gol çekilmegi bu ugurdaky işleri has-da işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu ulag geçelgesi boýunça häzirki wagtda hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikler döredildi.
2014-nji ýylyň dekabrynda bolsa Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly ulanylmaga berildi. Ol Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Pars aýlagynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere göni çykalgany açdy. Bu demir ýoluny ortaça alanyňda deňiz ýolundan iki esse tiz geçmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda demir ýol arkaly Hytaýdan Ýewropa ýurtlaryna ýükler iki ugur boýunça amala aşyrylýar: birinji ugur Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda başlanyp, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň üstünden geçip, Türkiýäniň Mersin şäherinde tamamlanýar. Ikinji ugur Hytaýyň Kurlýa şäherinden başlanýar we Gazagystanyň üsti bilen Russiýanyň Noworossiýsk we Türkiýäniň Mersin şäherlerine baryp ýetýär. 2018-nji ýylyň maý aýynyň 2-sine «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap» atly halkara forum geçirildi. Halkara forumyň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen, Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümine goşulmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi, dünýä ummanyna, ýagny dünýäniň islendik ýurduna çykalgany açýar.
Umuman häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň şeýle hem ulag ulgamynyň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlarynyň, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleriniň netijesinde Türkmenistan bu ugurlardaky düzümleri has-da kämilleşdirip, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ösdürilmegine netijeli täsir edýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir