Sagdynlyk-durmuşyň baş bezegi. Bu ähli döwürlerde we ähli ýerlerde hiç haçan inkär edip bolmaýan hakykatdyr. Sagdynlygyň bar ýerinde bagtyýarlyk bar. Eziz Diýarymyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek baradaky tagallalar raýatlarymyzyň hut bagtyýar durmuşda , gözbaşy sagdynlyk bolan sportuň hemişelik hemra edilen durmuşynda ýaşamaklaryna gönükdirilendir. Ýaşlary sportuň dürli görnüşlerine çekmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny gazanmak ugrundaky işler döwletimizde yzygider alynyp barylýar. 2018-nji ýylyň 9 aýynda ýurdumyzda 107 sany sport ýaryşy we 80 sany köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Ýurdumyzyň türgenleri 81 sany halkara sport ýaryşyna, şol sanda 11 sany dünýä çempionatyna (4 medal), 26 sany Aziýa çempionatyna (67 medal) we 44 sany beýleki ýaryşlara (110 medal) gazanmagy başardylar. Umumy alanymyzda sportdaky üstünliklerimiz 181 medaldan ybarat bolup, şolaryň 58-i altyn, 45-i kümüş we 78 sanysy bolsa bürünç medallardyr.
Ýurdumyzda sport boýunça halkara gatnaşyklary giňeltmäge hem uly üns berilip, türgenler “parahatçylygyň ilçileri” diýip atlandyrylýar. Sebäbi sport ýaryşlary diňe bir türgenler we olaryň tälimçileri üçin däl-de, eýsem halklaryň arasyndaky dostlugy, abadançylygy we parahatçylygy ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýokary derejeli halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi ýurduň halkara abraýynyň , ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarydygynyň, milli ykdysadyýetiniň mizimez binýada eýediginiň, döwletde parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürýändiginiň ykrarnamasydyr, subutnamasydyr. Şeýle hem halkymyzyň medeni mirasyny, ýurduň tebigy we taryhy baýlyklaryny Ýer ýüzüne ýaýmaga uly mümkinçilikler döreýär. Giň gerimli sport taslamalarynyň birnäçesiniň umumy döwlet, şeýle hem halkara ähmiýetli taslamalar hökmünde başy başlanýar, sport milli maksatnama we işjeň diplomatik ugur hökmünde kesgitlenilýär. Netijede ýurdumyz iri dünýä derejesinde ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Muňa mysal edip üstümizdäki ýylyň 1-nji-10-njy noýabry aralygynda mermer paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny görkezip bolar.
Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna Amerikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Afrikanyň we Okeaniýanyň ýüz ýurdundan 800-e golaý agyr atletikaçy gatnaşdy. Bu çempionatda agyrlyk götermek boýunça dünýäniň 72 rekordy täzelendi. Dünýäniň maglumat ulgamlarynda Aşgabat Çempionatyna gatnaşýanlaryň san babatynda hem, geografik gerimi boýunça hem örän wekilçilikli bolanlygy aýratyn bellenilip geçildi. Eger-de 2013-nji ýylda Polşada geçirilen dünýä çempionatyna 54 ýurtdan 315 türgen gatnaşan bolsa, bellenip geçilişi ýaly, Aşgabat çempionatyna 100 ýurtdan 800-e golaý agyr atletikaçy geldi. Halkara Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Tomaş Aýanyň belleýşi ýaly, Aşgabat olary ajaýyp myhmansöýerlik bilen garşy aldy. Örän oýlanşykly, türgenler üçin hem, tomaşaçylar üçin hem ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp bina edilen Olimpiýa şäherçesiniň ägirt uly sport toplumlary haýran galdyrýar. Çempionata gatnaşýanlaryň iýmitlendirilişi aýratyn bellärlikdir-naharlaryň sanawy dürli adamlaryň islegleri göz öňünde tutulyp düzülen, azyk önümleri ekologiýa taýdan arassa hem-de ýokumly, bu bolsa, elbetde, çempionata gatnaşyjylaryň ýokary netijeler gazanmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Ol aýratyn hem türkmen halkynyň hoşglaw, päk göwünli hem-de myhmansöýer adamlardyklaryny belledi.
Abraýly türgenleriň we bilermenleriň, wekilçilikleriň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, Aşgabat diňe bir dünýä derejesindäki ýaryşlary däl-de, eýsem, Olimpiýa oýunlaryny geçirmägede mynasypdyr. Munuň üçin bu ýerde şu derejäniň talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler, şol sanda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde döwrebap sport düzüminiň talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler we düzümler bar.
Şeýle hem bu çempionat ähli türkmenistanlylaryň öz ýurduna bolan buýsanjyny has-da artdyrdy. Sebäbi uly derejeli bäsleşiklerde türgenlerimiziň ýeňişli we ýokary netijeli çykyşlary röwşen geljegimiz bolan ýaşlarmyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge, Watanymyza, göz guwanjymyz bolan Döwlet baýdagymyza buýsanmaklaryna hem-de mukaddes senamyzy tolgunmak bilen ýerine ýetirip, watansöýüjiligiň has-da ýokarlanmagyna getirýär.