21-nji noýabrda Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekillerinden düzülen topar bu ýerde guralan dabara gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň konsullygyna Mazari-Şerif şäherinde Owganystanyň “Ghazanfar Construction, Road Work Rail Way Construction Material P.CO” gurluşyk kompaniýasy bilen metjidiň gurluşygy boýunça şertnamany baglaşmak tabşyryldy.

Metjidiň we goňşy ýurtda çekiljek demir ýoluň gurluşygynda täze tehnologiýalar, binagärligiň oňyn çözgütleri, şol sanda desganyň bezeg işinde özboluşly serişdeler ulanylar. Metjidiň binasynyň toplumynda sadakalary we beýleki dessur çärelerini geçirmäge niýetlenen bina, awtoduralga göz öňünde tutulandyr. Desganyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylar.

Farýab welaýatynyň, Daşary işler ministrligiň ýolbaşçylary, dini işgärler, jemgyýetçilik wekilleri hem-de köpsanly ýaşaýjylar Türkmenistandan gelen myhmanlary mähirli garşyladylar, olaryň hatarynda Mejlisiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular bar.

Metjidiň düýbüni tutmak dabarasy tamamlanandan soň, dabara gatnaşyjylar Akina demir ýol bekedini ösdürmek maksady bilen uzynlygy 10 kilometr bolan goşmaça demir ýol şahasynyň düýbüni tutulýan ýerine geldiler. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Ymamnazar demir ýol bekedinden gurluşyk serişdeleri ýüklenen demir ýol düzümi goňşy ýurda tarap ýola düşdi. Demir ýol wagonlaryna metjidiň gurluşygynda we täze demir ýoluň çekilmeginde zerur materiallaryň dürli görnüşleri bar.

Soňra geçirilen maslahata gatnaşan iki ýurduň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bu wakanyň Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek meselelerine möhüm üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny nygtadylar. Bu ýere ýygnananlar Owganystanda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça amala aşyrýan energetika we ulag-aragatnaşyk, durmuş ulgamlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly umyt bildirilýändigini nygtadylar we onuň tutuş sebitiň ösüşine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Täzelikler, Elman2412 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir