“Ýaşaýyşdan bizar boldym” diýýän adamlar az däl meň özümem käwagt aýdýan ýöne gat ýalňyşýas ýaşaýyş bu bize berilen sowgat biziň köpimiz bolsa onun gadryny bilemizok. Ine gezip ýörüňiz öňüňizde uly planlar, näçe etsem-goýsamlar bar birden agyr kesellediňiz hemem ýaşamaga biraz ömrüňiz galdy. Şonda näme üçindir adamlar özüni ýaşamaga däl-de ölmäge taýynlap başlaýalar ýaşaýyş hakda däl-de ölüm hakda pikir edýäler! Belki şondan onuň organizmy gowşap, sussy pes bolýa we organlar passiw işleýändir?! “Ölümden başga hemme zada çäre bar” diýýäler belki hakykatdyr, ýöne menä oňa-da bir çäre barmyka diýýän iň bolmanda birazajyk hem bolsa yza süýşirmäge! Ynam gerek! Ynam, isleg hemem goreşmeli, “ikibaşdan boljak zat bolar” diýip otyrmaly däl yhlas etmeli, dileg etmeli. Seň maňlaýyňa ölüm ýazylgy hem bolsa sen dilegler bilen belki Alla ýalbaryp bilersiňä, belki ol saňa ýene-de biraz ömür sowgat berer belki has köpürak berer! Ýazgydymyzy ol ýazýan bolsa ol ony üýtgedibem bilera prosto biz biraz oňa özümiziň ýaşasymyz gelýändigini duýdyrmaly! Ýene-de sagalmak üçin eliňden gelenini etmeli “men ölern” diýip pikir etmeli däl-de “men ýaşarn” diýmeli hemem ýaşajagyňa ynanmaly! Bir çäresi bar bolsa hemmesini edip çykmaly ertirki gün “wah” diýmeziň ýaly!
Çeşme: Harmandali
Ýaşaýyş üçin göreş
-
Yakubov
6 years ago
- "Yazgydymyzy ol yazyan bolsa uytgedibem biler" diymek bir az hakykatdan dasyrak bolaymasa. Huday dine synamak ucin omur berip we sol wagtda etjekleriñi ("sen ömruñde seyle seyle zatlary hokman etmelisiñ" diyip dalde) öñunden bilyäni ucin mañlaýa yazyan bolaymsa. Yogsa nähili yaşamlydygyñy Ol Özi kesgitleyän bolsa adamy synadygy bolmazdy, dünýä bir synag diyilmezdi. Şonuñ ucin "Mañlaya yazlanyny görmeli" sozem yalnys bolaymasa
Yakubov 6 years ago- Hawa. Dogry aydyañ. Yaşamagyñyñ 60-65%i oz ynamyña bagly. doly yadyma dusenok weli seyle zat esidipdim. Bir ussadyñ şägirdi özünden ökde çykyp başlapdyr. Muña halypasynyñ içi yanyp "şägirdi halypasyndan ökdeläpdir" diymesinler diyip şägirdiñ içjek suwuna awy gosupdyr. Ondada yaş oglan yarawsyz ýaly bolupdyrda yone soñ ölmän gowulasyp gidipdir. Halypasynyñ awy berenini bilmändirem, pikirem etmandir. Soñ günlerde bir gün halypasy kesele ucrap agyr ýatyrka şägirdine suw bermegini haýyş edyär. Oglan halypasyna suw içirjek bolanda halypasy "şägirdim meniñ suwuna awy goşup berenimi bilendir, inni buda aryny almak uçin meñ suwuma awy goşandyr" diyip (şol ynamyna eyerip) gorkusyna ölüp gidipdir. Hakykatda şägirdi halypasyna arassa suw içiren eken