Seň keşbiňi synlap durdum bir salym,
Uz näziň bar, görküňe has görk goşýan,
Küştdepdi depýärsiň galgadyp eliň,
Örüm saçlaň ak gollarňa çolaşýar.

Otyryn gözlerimi aýyryp bilmän,
Aýyraýsam derdime has dert goşýaň.
Seniň dideleňde gözlerim galyp,
Nazarym seň nazaryňa çaknyşýar.

Çepiksije, çynar ýaly boýuň bar,
Seň keşbiňe bolupdyryn hyrydar.
Alnymda barmyka saňa bolmak ýar
Derdim günbe-günden has beterleşýär.

Orazberdi Baýhanow

Edebiýat, yoga tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir