Häzirki wagtda ýurdumyzda azyk bolçulugyny üpjün etmek maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Önüm öndürmäge degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň ählisinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty arassa hem ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge degişli alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak maksadynda iş depgini artdyrylyp, öndürijilikli zähmet gaýnap joşýar. Munuň aýdyň mysalyny bolsa Daşoguzuň ýag öndürýän zawodynyň mysalynda hem görmek bolýar.
Häzirki wagtda zawod önüçilige degişli bolan 17 bölümden ybarat bolup, bu ýerde 425 sany işgär zähmet çekýär. Kärhanada pagta çigidinden ýag almak işleri birnäçe basgançakda alnyp barylýar. Ilki zawoda getirilen pagta çigidi gaýtadan işenilýär. Gysylan çigitlerden alnan ýag arassalanyp, barlamhanalarda düzümi we ýokumlylygy gözden geçirilýär. Arassa hem ýokary hil derejesine ýetirilen pagta ýagy gaplama bölüminde 1 we 3 litrlik çüýşe görnüşli gaplara gaplanylýar. Bu bölümde elgüýjünden şeýle-de Germaniýada öndürilen ýokary hilli enjamlaryň kömeginden peýdalanylýar. Gaplama bölümi her günde 1000-1500 gap önüm taýýarlamak mümkinçiligine eýedir. Bulardan daşary-da zawoduň elektroseh, taýýar önümleriň ammary, awtoulag bölümi, hojalyk we ýeňil abatlaýyşişlerini geçirýän bölüm, ýangyn howpsuzlygy we gorag ýaly bölümleri hem bar.
Zawoduň önümçilige degişli bolmadyk broýler-towuk etini öndürýän sehinde ýetişdirilýän towuklar hem elinligi we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.
Zawodda şu ýylyň başyndan häzirki wagta çenli hümmeti 30 million 384 müň 636 manatlyk 6882 tonna arassalanan pagta ýagy öndürildi. Zawodda ondürilen arassa pagta ýagy “Altyn ýag” ady bilen ýurdumyzyň dürli söwda nokatlaryna ýetirilýär. Ýokary hilli harytlar diňe bir ýurdumuzyň däl, eýsem, daşary ýurtly alyjylaryň hem ýokary isleglerinden peýdalanýar. Zawod dünýäniň birnäçe döwletleri bilen söwda gatnaşyklaryny alyp baryp, şu ýylyň başyndan şu gününe çenli 3601 tonna arassalan pagta ýagy daşary ýurtlara eksport edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň senagatynyň gaýtadan işlemekde we önüm öndürmekde ykdysady kuwwatynyň näderejede ösendigini ýene bir ýola dünýä ýüzüne äşgär edýär.
Zawodda ýagy alnan pagta çigitleri yrýa edilmeýär. Degişlilikde ýagy alnan çigit gaýta işlenilýär we gyş aýlarynda maldarçylykda zerur bolan harpykdyr künjara öndürilýär. Şu ýylyň hasabyna bu ýerde iýim galyndylaryndan 23 238 tonna künjara, 15 825 tonna harpyk alyndy.
Önümçilik depgini ýokary bolan şeýle zawodlarda ýokary hilli önümleriň öndürilmegi bazar bolçulygynyň kemala gelmegine, harytlaryň ilata elýeterli ýetirilmegine ýardam edýär.

Täzelikler, Merd@n@ tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir