Wagt geçýär goýup bize ýatlama,
Adamzat geçip dur, yza dönme ýok.
Geçip barýanyndan bihabar ynsan
Gelejege howlugýanny duýanok.

Durmuş sizi ýaşamasyn, gaýtam siz
Bu durmuşy ÝAŞABERIŇ HOWLUKMAN!
Unudyň geçmişiň gaýgy-gussasyn!
Diýipdirler: "Wagt iň gowy lukman".

Edebiýat, Talypbashy tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir