Söýdüm bir perini, isledim rahat,
Talwas eýlär her dem ol ýara köňlüm;
Hiç rahat görmedim, ýetişdi apat,
Pyrkat içre galdy azara köňlüm.

Göýä pasly-bahar açylan güldür,
Koýdüm hasratyndan, söwdügim güldür,
Ýarym täze güldür, köňlüm bilbildir,
Baryp kaçan gonar gülzara köňlüm.

Tygy-peýkamyndan bagrym dilindi,
Razy men öldürseň, janym al indi,
Gara zülpüň ýüzde ýüze bölündi,
Her zülpüň ýüzüňde ýüz para köňlüm.

Aşyk bolan gulak salar bu sözge,
Mejnunam, Leýli üçin çykmyşam düzge,
Meniň köňlüm ýarda, ýar köňli özge,
Hergiz el aýyrmaz biçäre köňlüm.

Gül ýüzüne düşen ol gara gaşdyr,
Gözlesem ol gaşa, gözlerim ýaşdyr,
Halyma rehm etmez, bir bagry daşdyr.
Mydam sergerdandyr awara köňlüm.

Sendeý gözel gelmez ýalan jahana,
Gördüm ataş düşdi bu şirin jana,
Köňlüm guşy ürküp uçmaz her ýana,
Baglydyr zülpüňde bir tara köňlüm.

Nepes diýer, serim, ýar, saňa gurban,
Jemalyň görenler husnuňa haýran,
Men yşkyň derdini gizledim pinhan,
Görüň, zahyr kylar äşkäre köňlüm.



Yşk mülkiniň şasy ... MOLLANEPES...

Edebiýat, Babaniyazow J tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir