Penjiräň öňünde bir owadan gyz,
Ýaryny ýat edip, gam çekýär ýalňyz.
Köne kart sakawlap aýlanýar çetde:
«Gam çekme, gyz,
Gam çekme, gyz,
Gam çekme!»
Gijäniň içinde goýup kümüş yz,
Garagol ýapjagaz akyp ýatyr tiz.

Uzakda ikatýok çotuny kakýar.
Çypar aý asmandan zemine bakýar.
Bu tüýdügiň sesi eşidilýär nirden?
...Bu gije durşuna — Allamyrat
Annakulyýew.
Gyz dessan gelen — gara gaşy ýaý,
Ýüzleri diýjekmi — aýa ogşaýa!
Öňde döwrümizden bir alamat bar:
Köne kart sakawlap aýdym aýdýar.
Bu garagol ýigit, süýji söz ýigit.
Aý dodagy kimin gyzyl gül ýygyp,
Gelmez gyz ýanyna, aýnany kakmaz
Gyz gussa batypdyr, bu gije ýatmaz,
Köne kart sakawlap aýlanýar çetde:
«Gam çekme, gyz,
Gam çekme, gyz,
Gam çekme!»
Erte agşam hemmeler taýyna duşar,
Aý güne, Gün bolsa Aýyna duşar.
Emma ýigitleriň arzuwy bu gyz,
Penjireden bakar oturar ýalňyz.

Uzyn barmaklarda ýadygär ýüzük,
Ýigit haýsy kölde ýörýärkä ýüzüp?
Oturşy ýüz gazal, turşy müň gazal,
Ak jaýyň içinde aýlanýar gözel.
Köne kart sakawlap aýlanýar çetde:
«Gam çekme, gyz,
Gam çekme, gyz,
Gam çekme!»
Pahyr köne kartyň sesi gyrlypdyr,
Emma gyza şol teselli berip dur.

Ah, köne kart, ah, köne kart, köne kart
Sen türkana gop bermekçi köne kart

Ýöne düşün ahyr, bu ajaýyp gyz
Gam laýyna batyp aglanok heniz.
Uzakda ikatýok çotuny kakýar,
Çypar aý asmandan zemine bakýar.

Nirede gam-gussa, nirde doňaklyk,
Bu aý aýdyň gije juda oňatlyk!
Gyz ýöne tolgunýa, juda tolgunýa,
Düşün-ä, köne kart, toý guni gelýä.

Täzelikler, Babaniyazow J tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir