Ýumşak, çygly şemal
Ýüzüne urýar,
Olýa Şirliýewa
Işine barýar.

Ýigitleň gözlegi
Köňlüniň nury,
Käse deý gözleri —
Gijäniň ýary!

Sakgal-murt syrylýar.
Bir günde telim,
Olýa Şirliýewa,
Ugruňda seniň.

Ýigitler irmeýär —
Ýazýarlar öwran:
«Olýa Şirliýewa,
Men seni söýýän!»

Çeşmeler şyrlaýar,
Çekýärler arman:
«Olýa Şirliýewa,
Men seni söýýän!»

Ýumşak, çygly şemal
Şuwlaýar irmän:
«Olýa Şirliýewa,
Men seni söýýän!»

Ol şapakdan dörän!
Gunduzdan dörän!
Ol gijeden dörän,
Gündizden dörän!

Saçlaryn ýel ogşap,
Näzik gysymlar.
Gaşlary! —
Ýuwaşrak
Uçaýmasynlar!

Her gün daň sesine
Ýerinden örer.
Günüň şöhlesine
Saçlaryn örer.

Ol ýa sygyr sagar,
Ýa suw daşar tiz.
Olýa Şirliýewa
Ine, şeýle gyz.

Olýanyň aşygy,
Aşyk ýigitler,
Çeninden aşyryp
Ýazarlar hatlar.

Tiz jogap alarlar
Emma,
wah,
arman,
«Oglanlar!
Oglanlar!
Men sizi söýýän!

Ýöne men nädeýin,
Etsemem ahmyr,
Şu gyzyl şapaga
Adagly ahyr.

Ol şeýle mähirli,
Şeýle ullakan,
Gözellik ählini
Jemlän gülmükän?!

Oglanlar!
Ezizlem!
Düşüniň maňa:
«Henizem,
hergizem
Aşyk men şoňa.

Her säher alaňdan,
Gollardan aşyp,
Dürs pygyl bilen
Gelşine aşyk!»

...Gowşaýar kyn gylyk,
Ýigitler assa,
Şapaga igenip,
Çekýärler gussa,

Menem syrynýaryn
Bir günde telim!
Çünki,
Şirliýewa,
Aşygyň seniň!

Erte alaňlardan,
Gollardan aşyp,
Geleninde şapak,
Olýama aşyk,

Men ony saklaryn,
Ýerinde hökman.
Gapyňdan jyklaryn
Eneňden gorkman!

Tümlügi agdaryp,
Berip güýç baryn,
Olýanyň adagly
Şapagy borun!

Günleriň bir güni,
Il-güne hökman,
Hoş habar getirin
Örän ullakan!

Geçensoň başymdan
Şu uly synag,
Olýa Şirliýewa
Ýüzüne sylar!

Edebiýat, Babaniyazow J tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir