Essalawmaleýkum, Hormatly talyplar.com agzalary we myhmanlary. Hemmäňizi täze açylan Dostluk saýtyna çagyrýaryn.
Indi bolsa, saýtymyzda, häzirlikçe bar bolan, mümkinçilikler bilen sizi tanyş etsem.

1. Kimler saýtda - bu sahypa arkaly siz şu wagt kimleriň ulgamdalygyny we haýsy sahypadalygyny bilip bilersiňiz.

2. Pikirler - bu sahypada siz öz dostlaryňyz bilen pikir alşyp bilersiňiz, we pikirlere jogap ýazyp bilersiňiz. Siz haýsy pikire jogap ýazsaňyz, jogabyňyz şol pikiriň aşagyndan çykýar, we size jogap ýazlanda şahsy hat arkaly habar barýar, baran habarda siziň ýazan pikiriňiz we ýazlan jogap ýazlyp durýar we aşagynda jogapla we şol pikire geç diýene ýazgylar bolýar.
We siz öz pikirleriňizi aýratyn hem görüp bilersiňiz.

3. Saýt Dükany - bu sahypa arkaly siz, öz nikiňizi üýtgedip, status goýup, niki reňkläp, öz profiliňizi gizläp (bu ýagdaýda diňe profil dostlaryňyza görünýär), bularyň hemmesi ball bilen ýerine ýetirilýär.

4. Forum - bu sahypada siz, mowzuk açyp, mowzuklara teswir ýazyp, ýazylan teswirlere +(-), sag bolsun aýdyp, açylan mowzuklara Haladym(Halamadym) basyp, halan mowzuklaryňyzy halanlaryma goşup, her teswir üçin +3 ball alyp, her açan mowzugyňyz üçin +15 ball alyp, açan mowzuklaryňyza özüňiz erkin ses berlişik goşup, ony üýtgedip, mowzugyňyz adyn üýtgedip, göwnüňize ýaran mowzuklary Wip edip(Wip edilende, ballaň 70%-i mowzuk awtoruna geçirilýär, 30%-ini systema alyp galýar), bilersiňiz we ýakynda mowzuklary pikirlerde paýlaşmak funksiýasy hem goşulýar.
Siziň açan mowzugyňyz tassyklanýança, agzalara görünmeýär, tassyklanandan soň size şahsy hat arkaly awto habar barýar.

5. Agzalaň foto-albomlary - bu bölümde siz öz düşüren foto-suratlaryňyzy ýa-da halan foto albomlaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz. Ol albomlary, gulply ýa diňe dostlara görünýän hem edip bilersiňiz, we halan suratlaryňyza + goýup bilersiňiz, we pikir bildirip.

6. Agzalar - bu sahypada siz, agzalary, Top aktiwleri we ş.m. görüp bilersiňiz.

7. Baş sahypa - bu sahypada siz 6 bölümi görüp, we mowzuklaň Halanan/Täzeler/Okalanlar toparçalarny görüp bilersiňiz. Hem-de Wip mowzuklary görüp bilersiňiz.

Halananlar - muňa +15 gezek halanan we ondan köp halanan mowzuklar çykýar.

Täzeler - muňa täze açylan mowzuklar çykýar.

Okalanlar - muňa 100 we ondan köp okalan mowzuklar çykýar.

Galan mümkinçilikler bilen assa - ýuwaş tanşyp bilersiňiz. Biz, size saýtda garaşýarys we aktiw bolup saýty ösdürmeklige çagyrýarys.

Biziň salgymyz: http://dostluk.ru

Taýýarlan: Myhman

Täzelikler, UniqueMaster tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir