Gürrüñ bermeklerine görä, bir daýhan bir gün Bagdada baranmyşyn. Ola eşege münüp barýamyşyn, eşegine-de boýny jañlyja geçi tirkeglimişin. Ýoluñ ugrunda otyran üç ogrynyñ şol daýhana gözi düşüpdir. Oturanlaryñ biri ýoldaşlaryna:
- Men şu barýanyñ geçisini ogurlaýyn-la - diýipdir.
- Şondanam bir ogurlyk bolarmy, men onuñ münüp barýan eşegini çileýin - diýip, ogrylaryñ ikinjisi ownüpdir.
- Ikiñiziñem ogurlygyñyz witjik, men onuñ egnindäki geýimlerini soýaryn - diýip, üçünji ogry aýdypdyr.
Birinji ogry daýhanyñ yzyndan ýetip, amadyny arap, geçiniñ jyññyrdap barýan jañyny çözüp, ony eşegiñ guýrugyna dakypdyr, soñam geçini alyp gidipdir. Eşek guýrugyny bulaýlanda jañ jyññyrdapdyr, onsañ daýhan geçisi yzyndan ylgap gelýändir öýdüpdir.
Ikinji ogry ýoluñ darajyk çatrygynda garaşyp durup, ol daýhan gapdalyna gelende gygyryp:
- Her ýerde geñ adam barow! Ähli kişi jañy eşeginiñ boýnuna daksa, bu eşeginiñ guýrugyndan asaýypdyr! - diýipdir.
Daýhan yzyna gañrylyp seretse, geçisi ýok eken. Ol sesiniñ ýetdiginden gygyryp ugrapdyr:
- Meniñ geçimi gören barmy how!
- Men gördüm, pylany hili adam ony süýräp, hol çatrykdan öwrüldi - diýip, ogry elini uzadypdyr.
- Eý, asylly kişi, kyn görmede, meniñ eşegimi saklap bersene, men geçimi alyp geleýin - diýip, daýhan ondan towakga edipdir.
- Ynsana ýagşylyk etmegi özüme bagt saýýaryn. Men şu metjidiñ azançysydyryn. Bar tizräk dolanjak bol, men saña şu ýerde garaşaryn - diýip, ogry ony arkaýyn edipdir.
Daýhan ylgap, köçäniñ çatrygyndan öwrülipdir, ogry bolsa eşegi alyp gidipdir. Daýhan geçisini tapman dolanyp gelipdir, seretse, goýan ýerinde eşegem ýok eken. Ol bialaç ýoluny dowam edipdir, bu wagt üçünji ogry bolsa daýhanyñ geşjek ýolunyñ gyrasyndaky guýunyñ başynda otyrypdyrda, oña gözi düşenden gygyrmaga başlapdyr.
- Eý goja, saña näme boldy? - diýip, daýhan ondan sorapdyr. - Meniñ geçimem ogurladylar, eşegimem şonda-da sesimi çykaramok, ýeri señ gygyryp otyrmañ näme?
- Wah, şu guýa altyndan doly gutujygymy gaçyrdym, şonuñ üçin hem öýüme nähili barjagymy bilmän otyryn. Eger-de, gutujygymy guýudan çykaryp berseñ, saña on altyn dinar peşgeş bereýin - diýip, ogry oña teklip edipdir.
Daýhan çykarynyp guýa giripdir, ogry bolsa onuñ eşiklerini alyp gidipdir.
- Ahow! Muñ içinde hiç zat ýokla! - diýip, daýhan guýuñ içinden gygyrypdyr.
Emma oña jogap beren bolmandyr. Ol guýudan çykyp, görse, ýañky adamam ýokmyş, geýimlerem. Ol hyrçyny dişläp, eline taýak alyp, töweregine salgamaga başlapdyr. Onuñ bolup durşuny gören adamlar:
- Ahow, obaly, sen näme aklyñdan azaşdyñmy? - diýip sorapdyrlar.
- Men özümi goraýan - diýip, daýhan jogap beripdir. - Ýogsa bu ýerde, hernä hudaý görkezmesin, meniñ özümibir ogurlaýmasynlar!

Edebiýat, Hichkim... tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir