Ýyllar geçip barýar derýa deý akyp,
Şatlyk, hasrat bilen penalap daşyň.
Bu gün ak ýüregmiň taryna kakyp,
Gutlaýaryn seniň on sekiz ýaşyň.

Hatar tutan bu durmuşyň ýolunda
Bagtyň nury baky ýansyn- öçmesin!
Dünýäň belent bagty eýesin gözläp,
Ýola çyksa, seň deňiňden geçmesin!

Uzakdyr bu durmuş, uzyndyr ýollar,
Goý şol ýollar baky uzalyp gitsin!
Ykbal saňa ýagty bolun eçilip,
Görogly ýaşyny miýesser etsin!

Awtory: Maksat Seýitliýew

Edebiýat, yoga tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir