Türkmenistanlylar gojaman Hazaryñ türkmen kenaryna ýurduñ iñ ajaýyp künjekleriniñ biri hökmünde garap, tomus paslyny bu ýerde geçirmegi göwnemakul bilýärler. Her ýyl tomus möwsüminde bu ýere dynç alýanlaryñ müñlerçesi gelýär. Awazada dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin ähli şertleriñ we hyzmatlaryñ ýokary derejesi ýylyñ bütin dowamynda kepillendirilendir.
Soñky ýyllarda türkmen topragynyñ bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen ajaýyp şertler adamlara şadyýan dynç alyşdan lezzet alyp, ilkinji pursatlardan başlap özlerini öýlerinde ýaly rahat duýmaga mümkinçilik berýär. Ýokary amatlykly otaglar, myhmanhanalar, seýilgäh-dynç alyş toplumlary, howuzlar, kottežler, saglyk hem-de dynç alyş merkezleri, tennis meýdançalary, sport zallary we beýleki ugurdaş düzümler, deñziñ ekologiýa taýdan arassa çägeli kenary-hemme zat wagtyñy gyzykly we mazmunly geçirmek üçin göz öñünde tutuldy.
21-nji iýulda Hazaryñ türkmen kenarynda nobatdaky täze desganyñ döwrebap «Awaza» akwaparkynyñ açylmagy bu ýerde halkara derejeli döwrebap deñiz şypahana-dynç alyş infrastrukturasyny ösdürmegiñ ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyzyñ başlangyjy boýunça «Myradym» firmasynyñ guran bu desgasy türkmen halkyna, ozaly bilen, ýaş nesle nobatdaky ahjaýyp sowgady boldy. Ýeri gelende, şu ýylyñ martynda milli Liderimiziñ «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniñ garamagyna bermek barada karara gelendigini aýtmak gerek.
Umumy meýdany 30 gektara golaý bolan täze akwapark gyşky we tomusky akwaparky, söwda merkezini, haryt dükanlaryny, supermarket, kafedir restoranlary, electron oýun meýdançasyny, amfiteatry, myhmanhanany, 7D kinoteatry, şeýle hem dürli emeli daglary, emeli kölleri, şarlawuklary, dag çeşmejikleri öz içine alýar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir