Halkyň saglyk ýagdaýy ýurduň abadançylygyň iň möhüm görkezijileriň biri hasaplanýar. Sagdyn adam jemgyýetiň gymmatly baýlygy. Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy mesele halkyň saglygyny goramakdan ybarat. Oňa durmuş ykdysady lukmançylyk çäreleriň toplumy degişli bolup bu meseläniň esasy – keseliň öňüni almakdan, adamlaryň saglygyny gorap saklamakdan ybaratdyr.
Türkmenistan döwletimizde ynsan saglygyna aýratyn üns berlip, bu ugurda uly öňe gidişlikler gazanyldy. Ýurdumyzda adam saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pragynyň: “ Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun” diýen setirini özüne esas edinen Hormatly Prezidentimiziň: “ Döwlet adam üçin!” diýen sözleri hem, ýurdumyzda adam aladasynyň, olaryň saglygynyň belent derejede goýulandygyny alamatlandyrýar. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygyny syýasy durnullylygyny halkara abraýy artdyýar. Jemgyýetiň aň-bilimini medenýetini kämilleşdirmek bilen bir hatarda dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmeklige oňaýly şertler döredilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy barha ösýär. Bu bolsa her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir