Ine bugun size veriloft tarapyndan taýýarlanan Älemjahan atly saýtyny döretdik. Bu alemjahan.net forumyny taýýarlamak üçin 2 aý wagt alandyr. Ahyr garaşylan güne ýetdik, saýta bloglar, täzelikler, kitaphana, bildirişler we online tv ýaly bölümleri ýerleşdirdik.

Bloglar- bölüminde öz halan temalaryňyzda mowzuklary açyp bilerler ýaly we ol mowzuklara teswir ýazyp bilmek mümkinçiligi döredildi.

Kitaphana - boluminde häzirki wagt bazany ulaldýarys, 1000-den köpräk türkmen dilinde bolan kitaplary ýerleşdirmekçi bolýarys. Kitaplaryň 95% tölegsiz açyk ýükläp bolýar.

Online tv - bolumini daşary ýurtda okap türkmen kanallaryny görmek isleýän ildeşlerimize we talyp ýoldaşlarymyza niýetledik. Baýramçylyk, täze ýyl, garaşsyzlyk ýaly şanly senelerde saýta girip öz türkmen dilindäki peredaçalary, kinolary görüp bilerler ýaly.

Bildiriş - bölüminde herkim öz harytlaryny satyp bilerler ýaly mümkinçilik döretdik.

Täzelikler - bölüminde ýurdumyzda bolup geçýän wakalar, habarlar barada tanşyp bilersiňiz.

Güýmenje - bölüminde her agza öz pikirlerini, garaýyşlaryny, içki duýgularyny paýlaşyp, söhbetdeşlik gurnap biler.

Saýtyň käbir ýerlerinde oşibkalar bolup biler, sebäbi täze bolansoň hemme ýerini barlap ýetişemzok userleri ulanyşa goýbermesek. Habarlaşmak bölüminden habarlaşyp bilersiňiz düşünmeýän zadyňyzy.

Saýta häzirlikçe şu bölümleri ýerleşdirdik. Uzagyndan adam sany köpelip aktiw hereket etse çat we aýdymlar ýaly bölümlerini açmak gözöňüne tutýarys.

Täzelikler, Alemjahan.net tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir