Saza meňzär

Gyşda çyksaň seýrana
Meýdanlar ýaza meňzär
Güleniňde gülkiň seň
Joşgunly saza meňzär

Töweregiňe garaýşyň
Köldäki gaza meňzär
Hüýr-periler ýanyňda
Tozana-toza meňzär

Gülim seni görenimde
Ýüregim köze meňzär
Saçyň bulutly gijä
Göwnüň gündize meňzär
Seniň näzli garaýşyň
Çyn magşuk gyza meňzär


Döwran Zamanowyň “Saza meňzär” aýdymyndan. (Depderçämden göçürme)
≪Gülim seni görenimde ýüregim köze meňzär≫

Edebiýat, SiziňÝalyBiri tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir