Ilki bilen hemmäňize salam. Men bu gün talyplar.coma täze agza boldum we ilki bilen şu taryhy gyzykly faktlary size ýetirmek isledim.

Lomakiniň birinji Ahalteke ekspedisiýasyna gatnaşyjy W. A.Tugan-Mürze-Baranowskiý türkmenleriň batyrlygy, gylyç işletmäge ezberligi hakda gaty köp faktlary mysal getirýär. Meselem:

 Gruzin polkunyň praporşigi Beloborodowyň üstüne topulan bir türkmen gylyç bilen onuň kellesini kakyp goýberipdir. Onuň göwresi kellesi alnandan soňam esli wagtlap ýykylman durupdyr, soňra birden gürpüldäp gaýdypdyr.

 Bir gezek alty sany dagystanly bir türkmeniň daşyna geçipdir. Ol diňe gylyjy bilen olaryň altysyny hem ýaralamaga ýetişipdir. Knýaz Witgenşteýniň ordinaresi onuň üstüne topulanda, onuňam elini çapypdyr. Ahyry dagystanlylaryň biri ony arkasyndan tüpeňläp öldüripdir.

 Bir topar rus soldaty geçip barýarka, olara üç gezek ok atylypdyr. Soldatlar ol ýerde birnäçe adam bardyr öýdüpdirler. Tüpeň atylan ýeriň daşyny gabapdyrlar. Görseler bir gyz pistoletine ok salyp otyrmyş, gapdalynda-da ýene iki sany pistolet ýatyrmyş. Ony tutup naçalnigiň ýanyna getiripdirler. Naçalnik oňa: «Gorkma, biz saňa erbet zat etmeris» diýipdir. Gyz oňa: «Serdar, men hiç zatdan gorkamok, meniň bilen islän zadyňyzy edip bilersiňiz. Ýöne, kapyrlar, siz bizden gorkuň hem heder ediň, sebäbi siziň biriňizem biziň ýurdumyzdan diri gitmersiňiz» diýip jogap beripdir. Bu merdana gyzy boşadyp göýberipdirler.

 Bir gezek bolsa käliň içinde rus soldatlaryny tüpeňläp oturan garry aýaly görüpdirler. Soldatlar ony şobada kerçäp taşlapdyrlar.

 Bir gezek bir ofiser arkasyna güýçli zarba degensoň ýalta yzyna öwrülse, eli pilli bir kempir ikinji gezek urmaga taýýarlanyp durmuş.

 Hatda çagalaram gorky-ürkini bilmän, duşmanyň üstüne batyrlyk bilen topulypdyrlar. Tagan-Mürze-Baranowskiý dokuz ýaşly bir oglanjygynyň eline ullakan pyçak alyp, Eriwan polkunyň ofiseriniň üstüne topulanyny görendigi barada ýazýar.

Şular ýaly faktlar rus harby işgärleriniň ýatlamalarynda ýeke-ýeke sanardan kän. Bular diňe Baranowskiniň eserlerinde ýazylanlar.

Bilim, SiziňÝalyBiri tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir