Bu söýgi däl, ýöne ýüregim gyssa,
Başga hiç kimi däl, seni ýatlaýan.
Bilýän dälsiň, meni biparh goýmaýar
Seň dünýäň, durmuşyň, gussaň, şatlygyň.

Kimdendir adyňy eşden mahalym,
Ýüregim ýerinden gidýär gobsunyp.
Bagt hakda oýlansam, arzuw edýärin
Bolmagyny seniň üçin gowsynyň.

Wagt hakda oýlansam, özüm ýadyma
düşmän, gyýylýan seň geçýän ýaşlygňa.
Gözlerimden gitmeýär hiç Gün nury
düşüp lowurdaýan gara saçlarňam.

Başarmadym ýüregimden çykaryp,
Çykaryp bilmedim gelip ýüzüňe.
Dünýede sen ýaly ýok ahyr başga,
Ýeketägim, seni kime dözeýin.

Seni ýitirerin, hijem tapmaryn,
Kalbymyň ýarasy bolarsyň köne.
Gözlemden damjalar syrygdy durdy,
Bu söýgem däl… Ýöne…

Edebiýat, dipsomaniac1 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir