Her bir güni ýokary üstünliklere beslenýän Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyñ ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyñ abadançylygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ öñdengörüjilikli döwlet syýasatynyñ baş ugrudyr. Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ 2018-nji ýylyñ alty aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiñ jemlerine bagyşlanan giñişleýin mejlisi muny nobatdaky sapar bütin aýdyñlygy bilen subut etdi. Mejlisde ýarym ýylyñ dowamynda Türkmenistanyñ durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniñ oñyn depginde saklanýandygynyñ beýan edilendigini guwanç bilen bellemelidiris. Munuñ özi soñky ýyllaryñ dowamynda ýurdumyzyñ ösüşiniñ häsiýetli aýratynlygy bolmak bilen, ýurdumyzyñ ähli ugurlar babatda okgunly ösüşe eýedigini alamatlandyrýar.
Häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzda hususy eýeçilik işini ýaýbañlandyrmak möhüm orny eýeleýär. Zähmetiñ netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm ähmiýete eýe bolan telekeçilik işleri, ähli pudaklarda bolşy ýaly, ýurdumyzyñ oba hojalyk toplumynda hem giñ gerim bilen ýaýbañlanýar. Munuñ özi geljekde ýeriñ hakyky eýeleri bolan daýhanlaryñ ýerden bol hasyl almagy, döwletli ojaklarynyñ rysgal-berekedini artdyrmagy üçin giñ mümkinçilikler berer. Döwlet tarapyndan edilýän goldawyñ netijesinde, ak bugdaýyñ, ak pagtanyñ, gök we bakja önümleriniñ bol hasyly ösdürilip ýetişdiriler. Gahryman Arkadagymyzyñ çözgütleri oba hojalyk pudagynyñ düzüminde asylly zähmet çekýän zähmetsöýer işgärleriñ, öz ykbalyny ene ýere, onuñ gülläp ösmegine baglan daýhanlaryñ arasynda gyzgyn goldaw tapýar. Olaryñ halal zähmet çekmek, bol hasyl alyp, Watanymyzyñ ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşmak isleglerini artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziñ geljek 2019-njy ýylyñ 1-nji ýanwaryndan başlap, aýlyk zähmet haklarynyñ, pensiýalaryñ, döwlet kömek pullarynyñ, talyplaryñ we diñleýjileriñ haklarynyñ möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky Permany halk barada edilýän aladanyñ nobatdaky subutnamasydyr. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyñ alys geljegi nazarlaýan beýik başlangyçlarynyñ netijesinde ösýän, özgerýän ýurdumyzda döwlet berkararlygynyñ, halk bagtyýarlygynyñ kämil derejesi üpjün edilýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir