Hak didaryna dahyl bolmak niyeti bilen deñiz-deryalara pocta-kuryer hokmunde yuzlenyar. Shahribossan goshgylarynyñ mazmunyny 7-8-11-bogunly setirlerde beyan esyar. Gyzylgul bolsa, esasan, 11-bogunly goshgylara yykgyn edyar. Shahribossan goshgylaryna mylayym rowush cayyp, yazmagy gowy goryar. Shygyrlarynyñ mazmunyny beyan edende yuwash-yuwash yokary goterip, assa-assadan ashak dushurmegi halayar. Gyzylgul bolsa, mazmuny belent tempde bashlap, belent tempde soñlamagy mubessa bilyar.
Shu hili ayry bashgalyk shahyrlaryñ dil manerasyny, still ayratynlygyny esaslandyryar. Munuñ ozi olaryñ doredijilik shuweleñine shuweleñ goshyar.
Shu yerde Gyzylguluñ doredijilik onum-bereketliligini agzaman gecmek kemterlik bolar. Shahyr soñky wagt ylahy mazmuna yanashmakdan el cekdi. Onuñ ( Gyzylguluñ ) atygsap duran zehini bashga ugra gonukdi. Elbetde, watana, ene-ata, dogan-garyndasha, sower yara,yanyoldasha... bagyshlanan goshgylar hem derwayys mazmunly eserler. Olary hem doretmeli, wasp etmeli. Bu shahyrlaryñ borjy.
Yone, seriñi samediji ylahy goshgylaryñ owezine dal.
Gyzylgul teswiriniñ birinde ylahy goshgylary yzygiderli doretmek ucin teoriya bazasynyñ kicilik edyandigini yañzydypdy. Yok,onuñ doreden ylahy shygyrlary az sanly bolsa-da, eyesiniñ añynda uly ylahy taglymatyñ ykjam bazasynyñ yerleshyandigini salgy beryar.
Meniñ duyshumca, Gyzylgul arshy agla tarap uzayan ylahy merdiwanyñ birinj ya ikinji basgancagyna ayak basyp durshuna, toweregine gozleyer, yaydanyar. Ylahy ugurdaky mazmuna mundan artyk el urmaga heder edyan yaly gorunyar. Apet uly teoriya onuñ shutduni basyar. Shonuñ ucin shahyr ozuuni ejiz duyyar. Bu hala dushmek Gyzylguluñ zehinine hem badak salyan yaly. Sheyle-de bolsa okyjylar onuñ yenede ylahy tema owrulip gelmegini isleyar.

Shyhymyrat Abdyllayew 7- iyul.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir