Ylahyyet:munuñ ozi ynsanyyet añyndaky iman ( ynam ) -ygtykatyny ashy-agla sary ozune imrikdiryan, onuñ kalbyny bent edyan tebigi bir yonelishdir. Shol ugruñ yashayysh barlygynda adamzadyñ koñluni zabt edyan oz rowan yoly bar. Soyuz dowrunde ol yol acyklygyna dursa-da, oña metbugat yuzunde meyil eden shahyr tapylmady. Tapylanlaram ylahy goshgylaryny enesiniñ sandygyndan dashary cykarmaga het edip bilmedi. Cunki, ylahy eserler ucin metbugatyñ gapysy yedi gulpuñ astynda bent edilipdi. Ylahy goshgylary il-gun okan yagdayynda ol hereketde bolyar. Yogsa, oz pikiriñi kagyz bilen paylashanyñ galyar.
Emma, 80-nji yyllaryñ ortalarynda zamana uly owrulishik etdi. ,,Ac-acanlyk", ,,Uytgedip gurmak " eyamy geldi. Dine yol acyldy. Musulmanlaryñ Mukaddes Gurhana eli yetdi. Dini dogalar dilleri zibana getirdi. Arshaglanyñ ylahy yalkymy jemgiyetiñ kalbyna shugla sacdy.
Shol shugladan pay alanlaryñ biri Shahribossan Geldimammedowady. Onuñ okuwcy dowrundaki yash kalby ylahy nygmat bilen añyndaky shahsy nygmaty eylap-yugurup, sheyle bir ylahy goshgylar yazyardy,hat-da, watan, ene,soygi baradaky shygyrlarynda -da ylahy mushk bark uryardy. Onuñ goshgylary halk kopculigi tarapyndan oran yhlasly garshylanyardy. Ylayta-da, shol dowurdaki yashuly nesiller onuñ poeziyasynyñ mushdagydy. Uly talantly, entek orta mekdep okuwcysy bolan cepiksije gyzyñ mylayym, ruhy mazmunly setirleri suwsan dowar surusiniñ choluni gandyrjak dury ceshma meñzeyardi.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir