ALYMLAR ŞOWLULYGYŇ FORMULASYNY TAPDYLAR

Käbirleri "Akmaklaryňky şowuna" diýýär, käbirleri bolsa "Güýçlüleriňki şowuna" diýip, onuň garşysyna çykýarlar. Aslynda, "şowlulyk" näme we näme üçin käbir adamlar üýtgeşik güýç sarp etmeseler hem kysmat olara gülüp bakýar, käbirleriňki bolsa tersine bolýar? Bular ýaly adalatsyzlyk nireden gelip çykdyka!
Bu soraglara jogap tapmak maksady bilen, psihologlar şowly adamlaryň müňden gowragy bilen söhbetdeş boldular. Uzak wagtlap dowam eden birnäçe barlaglaryň netijesinde, olar şowlulygyň formulasyny kesgitlediler. Ynha, ol formula şeýledir: Ş=H+S+Ö. Bu ýerde Ş - elbetde şowlulyk; H - adamyň häsiýeti, ýagny daş-töweregindäkiler bilen gatnaşygy, ruhy taýdan we şahsy pikiri; S - saglyk, maddy baýlyk, dost-ýarlary; Ö - öz-özüňe hormat goýmak we degişgenlik duýgusy.
Şeýle hem şowlulygyň diňe bir ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlarynyň oňyn hereketini aňlatman, eýsem, adamyň ony peýdalanyp bilmek, şoňa görä gözýetimi giňeldip bilmek ukybyna bagly bolup durýandygyny alymlar tarapyndan tassyklanylan hakykatdyr.

# türkmen alymlary hem bir hakykatyň üstüni açdylar olar adamda saç dökülmeginden soň kel bolýandyklarynyň sebäbini bildiler, çünki saç dökülensoň şol ýerden saç çykmaýan eken -*))

Çeşme: ADALAT gazety, 2018-nji ýylyň 6-njy apreli, anna
Elektron görnüşe geçiren: Aýydow Sünnet

Täzelikler, daniels tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir