Ýazdym çyg galamym bilen,saña ýazýan depderime,
Ýazaryn,barmaklarym galamy tutsa,çyzsa ýene,
Kagyzym uçdy gitdi,azwagtlyk öwsenje ýele,
Dünýäñ düzülişi şeýle,elde çäre ýok,neýläýin.

Köçä çyksam,daşdyr öýdüp zyñardylar bir gapdala,
Awyny bagyşlap,göýbermeklik gelşermi gaplaña,
Rüstem Zal dek edermen däl,ýürek etmez Kap dagyna,
Dünýäñ düzülişi şeýle,elde çäre ýok,neýläýin.

Çyra bolsam,ýagtym üçin dakjak bolarmyka meni,
Aýdym bolsam,çala pikirlenjek bolarmyka heñi,
Her zadyñ öz ýeri bar eken,nirde ýeriñ,nirde ýerim,
Dünýäñ düzülişi şeýle,elde çäre ýok,neýläýin.

Gaty soraglaryma,ýumşak jogaplaryñ gelişmezdi,
Hasyl bolmadyk arzuwlarym,kül bolup galyşmazmy,
Söýgümi paýlap bilmen,gaýgy bilen gam bölüşmezmi,
Dünýäñ düzülişi şeýle,elde çäre ýok,neýläýin.

Söýmek soñky moda däldir,gyzyklanjak bolsak ony,
Seni söýmek günde Güne myhmanlykdyr bilgin şony,
Seniñ üçin Aýa aýak basdym,ýok ädimiñ soñy,
Dünýäñ düzilişi şeýle,elde çäre ýok, neýläýin.

Edebiýat, garagolja03 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir