Ol-a bolmandyr, Bally husyt. Gideliñ bari yoluña garap, tlñkami guratdym. Oye-de girmedim. Ne cay icdim,ne corek iydim.
---Menkem señkiden idili bolmady. Barmadyk obam,kowulmadyk gapym galmady. Seniñ adyñy agzasan,edil yone, Ezrayyl goren yaly bolayarlar. Uzakdaky obañ adamlary seni tanamazlar oydup, ,,Egriyol" obasyna-da bardym. Ol yerde meni kemsidishleriniñ ceni-caky bolmady: Ozaly eshege deñeldim, soñra ylhanat garry boldym, iñ yamanam heley guzladyan eneka owruldim.
---Ay, hawa-da, Bally husyt, geplejek gepiñ ugruny-yoluny bilmeseñ hemme zada-da owrulersiñ-diyip, Jalay molla bir goshgy aydar boldy. Gor,bak,name fiyer.

Geplar gepiñ bilmeseñ,
Sheyle bolyar,Husyt beg.
Diliñe erk kylmasañ
Sheyle bolyar,Husyt beg.

Serde akyl bolmasa,
Dilde nakyl bolmasa,
Oñly shekil bolmasa
Sheyle bolyar, Husyt beg.

Ishe erjel girmeseñ,
Soze many bermeseñ,
Erniñ suwun syrmasañ,
Sheyle bolyar, Husyt beg.

Gezip yorshiñ, gor,hali,
Edil doñuz mysaly.
Saygarmasañ ahwaly,
Sheyle bolyar,Husyt beg.

Silken bolup kellañi
Bagra sancdyñ gullani.
Yykdyñ Jalay mollany,
Dushman gulyar,Husyt beg.

Elkissa, Jalay molla goshgyny tamam etdi.
---Ah-ow, Jalay tentek, men-a doñuz mysaly bolyan bolsam, sen yalta doñuzyñ aynymaz ozuziñ. Name, indi yumshymy bitirmedi diyip, atymyñ,ozumiñ goren gorgumizi hasaba almajak bolyamyñ. Goleli sygyr diyip durmayyn, al bari, semiz goynuñ yupuni.
Jalay molla basham barmagyny iki barmagynyñ arasyndan cykaryp, yumrugyny husyda somlady.
---Ine saña semiz goynuñ yupi. Kelte gorseñ yzgarlanan uchgurumam catyp bereyin.

Bally husyt,name-de bolsa, bir zat alyp gitmese, bu gun agsham ukysynyñ harama cykjagyny bilyardi. Shonuñ ucinem ol sesini yumshatdy.
---Jalay molla, gel,agyz ajadyshyp durmayly-la. Goynam diyip durmayyn. Aydan horazyñy beray, wada etdiñ.
---Sen beren wadañy yerine yetirdiñmi. Guni bilen selpap, ahyry iki eliñi burnuña sokup geldiñ.
---Nika diyeniñ Alla ishidir, Jalay molla. Gyssasa bolar duruberer. Ertirem gideyin.

Jalay molla ketegiñ agzyna yygnanan towuklaryñ arasyndan kepderi ulylygynda, ayagy dowulen, goyun-goltugynda tuy gslmadyk,mutelan bir juyjani alyp, Husyda uzatdy.
---Ine,Bally husyt, alsañ-a shu, almasañ gidiber. Munam saña agsham ukyñy ine-gana al diyip beryan.Ertir yene geljek diyip azara galma. Gyz gozlemage gowunjeñ adam senden bashga-da tapylar. Goleli sygryñ gudraty guyclidir.
---Gudraty guycli bolsa shol goleli sygryñ ozuñe buyrsun. Onuñ maña azardan bashga nepi degmedi.

Bally husyt juyjani goltugyna saldy-da, yylgyn tokayynyñ arasy bilen,oyune sary at gamcylap gitdi.
Oyune baryp, atdan dushmanka meydan ojakda nahar bishirip duran Conagul oña yuzlendi.
---Dadesi,goleli sygyr bilen goyun hany.
---Ine,sygyr bilen goyun-diyip, Bally husyt goltugyndaky juyjaniñ boynundan tutdy-da, eliniñ tersi bilen zyñyp goyberdi.
Juyje gaynap duran corbaly gazanyñ icine dushdi-de, bir cygyryp, amanadyny tabshyrdy. Harama cykan bir gazan nahary gorup, Bally husydyñ gozleri garañkyrady. Ysgyny gurap, ashak oturdy.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir