Pikirini dowam etdirdi.
,,Ilcilikdir,zada matac bolup oturan gyzly bir zaññar tapylmazmyka? Name-de bolsa,ishimi orta yolda tashlamayyn. Indi bu yalta doñuzy tanamayan uzakdaky obalara aylanyp goreyin. Yogsa,muña bachga biri gyz tapyp berip, men goleli sygyr bilen guyundan bosh galaryn. Meniñ,name, bashgalardan kem yerim barmy? Adam basharanyny adam basharar. Ykarat etseler-de cydaryn. Eyse,añsatlyk bilen zatly bolup bolyarmy? Berse biri gyzyny beryar, yansa,biriniñ gyzy yanyar. Name,meniñ gyzym gozyash dokup geljek bolup durmy? Malymyñ artanyny bileyin. Bashgasy bilen nishim bar!".
Sheydip,Bally husyt belli bir karara geldi. Ol atyny derledip,yene yola dushdi. Iki sagatdan gowyrak yol sokup, ,,Egriyol" obasynyñ cetinden girdi. Bir cetrakde yegsherip oturan tamyñ ishiginde atyñ bashyny cekdi.
---Oyde adam barmy? Habarlash!-diyip gygyrdy.
Icerden hasasyna soyenip,bir aksakal cykdy.
---Ah-ow, eshekli,name habar gerek saña?
Bally husyt gaharlandy:
---Hayt, aksakal,gosleriñi giñirak acyp gozle. Eshekmidir bu?
-Ey,inim,men señ bilen gepleshemok. At bilen gepleshyan.

Bally husydyñ lapy kec boldy.
---Bu garryñ akyly cashypdyr- diydi-de, atyny surdi gidiberdi.
Yene bir oyuñ gapysynda atyñ uyanyny cekdi.
---Habarlash-diyip,yene gygyrdy.
Bili yay kimin bukulen kempir hasasyny bulaylap, gapydan cykdy.
---Name habaryñ bar seniñ?
---Bu oyde habarlashar yaly erkek gobekli barmy,kempir?
---Aydyber name habaryñ bolsa. Meniñem gobegim erkegiñ gobeginden kem dal. Onsañam,kempir-sempir diyip, diliñi ugruna goyberme. Yashym iki otuz-da, onjagaz hali.
---Beyle bolsa bagyshlaweri,gelin.Men oylanman geplapdirin.
Sawcy bash-alty tamy aralykda tashlap, yene bir gapyda saklandy.
---Habarlashar yaly adam barmy?

Icerden garny burnuna degip duran bir gelin cykdy. Salam yok,halek yok:
---Ha, garry, name habaryñ bar seniñ-diyip,iki elini bykynyna urdy.
---Garry-parry diyip,kemsitme,gelin. Menem ozumi murtuny palta kesmez yigit sayyp yorun. Berseñ, bir ceynek cayyñy icip gitjek.
---Berseñ-goysañy diñe arim aydyp biler maña. Sen ylhanat garry,agzyñy salajyn goyberme.

Shol wagt Bally husydyñ aty gapdaldan gecip baryan baytaly gorup,zarp bilen kishñedi.Gorkysyna gowreli gelniñ cagasy etegine dushdi.
---Hay, agzyñ torune...garry-diyip, ici boshan gelin ashak egildi.
---Hay-hay,gelin, cagañ gobegini tizirak kesdir,yogsa, icegeleñ kultemi sokulip gaydar. Habardar bol-diyip, Bally husyt atyna bir gamcy caldy-da, yzyna gaydyberdi.
---Bu gun-a yyldyza yoran yaly bolduñ, Bally beg!.Name, sygryñ azmydy-ikisi guzlamasa,biri guzlardy. Goyun namañe gerekdi- bir suri dowaryñ otlag meydanyñda agyp-donup yor. Horaz namañe zerurdy-iki ay gecse, juyje-horazlañ yetiship, makiyanlañ arli bolardy-diyip, ol oz-ozune kayindi.
Hawa, gun ikindi bolanda atyny,ozuni gara dere batyran Bally sawcy Jalay mollañ oyune yetip geldi.
---Ha, Bally aga, gurtmysyñ,tilki?
---Hay, Jalay molla,tilki boldyk. Onda-da, guyrygy meydan subsesi yaly tilki boldym.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir