Ertesi Bally husyt atyny munup,yola shaylanyp geldi. Salamlashdylar.
---Ine, Jalay molla,men-a atymam munup gaytdym. Oz hyzmat hakyma bir goleli sygyr bilen bir mañramaz semiz guyun, Atymyñ hyzmat hakyna-da bir zat josharsyñ-da.
Bally husydyñ hylygyna bash barmagy yaly yetlk Jalay molla
---Atyñ ucinem bir towuk payyñ bar-diyip, oña wada etdi.
Ballay husyt wadany berkitmek isledi.
---Towuk bolanda-da, shemala yykylyp yoreni bolmasyn. Kekeji gyzyl-cog yaly ullakan horaz bolsun. Yogsa,towuklarym yumurtga guzlamany goydylar. Olara bir horazlyk etsin.
---Onuñ gaygysyny etme,Bally aga. Meniñ berjek horazym seniñ makiyanlañ-a dal, gerek bolsa dayzama-da horazlyk eder.
---Ay,dayzañ horazy bar-la. Garañky dushse kekejini gyzardyp, ganatyny kakyberyar.
---Onda meni hem makiyanly et, Bally aga.
---Bolyar,wadañ horaz wadasymy.
---Hawa,wadam ar kishiniñ wadasy. Yumshymy bitir-de, hakyñy al.

Bally husyt atyny oñurdukledip, yola dushdi. Ol ,,Yylgynla" yakyn obalaryñ baryna aylanyp cykdy. Baran yerinde-de Jalay mollañ adyny agzap-agzamanka ,,shol yalta Jalay molla kim gyzyny bersin.Ol mashgala eklejek adama meñzemeyar. Asyl oyumuzde dal,butun obamyzda o yalta gyz berip, cagasynyñ bagtyny yatyrjak samsygy tapmarsyñ.Shonuñ ucin gelen bolsañ , yzyñy yel calmanka ugra" diyship,Bally husydyñ yzyna it salyp kowyardylar.
Ol sogunc baryny eshidip, ahyry bir yabyñ yrayshyna cykdy. Atynyñ bachyny cekip,pikir yoretdi:
,,Shu wagta cenli adam oglunyñ oñunde beyle kemsidilip, kicelen yerim yokdy. Zaññaryñ adyny agzanymdan gep yassygy boluberyan.Bu doñuzuñ yaltalygy uly ile ashgar bolayan eken. Shol tentek ucinem men akmak ile soz aydyp yorun-ow. Hez edip otursam bolmayamy oyumde.
Yok, indi men bihuda ylgap yormayin. Bu ishi goybolsun edeyin" diyip pikir yoreden Bally husyt at ustunde oturan yerinde, chakjasyny eyeriñ gashyna tyrkyldadyp nas atdy. Atynyñ gulaklaryny synlap,bir zaman oylanyp oturdy.
Birdenka, onuñ gozune oz gapysynda dañyljak ullakan goleli sygyr bilen surusune goshuljak,guyruklary kersen yaly, semiz mañramaz guyun gorunup gitdi. Husyt zaññar ukydan oyanan yaly boldy. Sawcylygy goybolsun etmek niyetinden dandi.Pikirini dowam etdirdi:

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir