Nebit-gaz pudagynda ençeme ýyllap zähmet çeken bir dostum birnäçe ýyl mundan ozal öz täsin başdan geçirmesini gürrüň beripdi, henizem ýadymdan çykanok.. Şol dostumyň agzyndan size ýetireyin..

Men daşary ýurtly bir nebit-gaz ägirdiniň Nebitdag şäheri töweregindäki tebigy gaz guýusy gazýan bölüminde işleýärdim. Ofisimizde 2 sany daşary ýurtly inžener bardy. Olar elmydama bir-biri bilen basdaşlyk edýärdi, gohlaşýardy, jedelleşýärdi; emma men bu gürrüňlerden köp zat öwrenýärdim.

Birgün şolardan biri Aşgabatdaky merkez ofise gidipdi emma ertesi gün wagty bilen gelmedi. Irden 9 töwerek taksi bilen ýola çykanyny bilýärdik we taksi bilen ýoluň 5 sagat çemesi dowam edýänini hem bilýärdik. Ýöne eýýäm 7 sagat geçip gidenem bolsa ol inžener gara berenokdy. Elbetde biz bir-neme çekinýärdigem, sebäbi Nebitdag şäherinden gumuň içine eslije ýöremelidi we çölüň içinde adamyň başyna herhili zat gelip bilerdi. Telefonam ol ýerlerde işlemeýärdi.

Ynha-da bir-ýerden nätanyş bir ulag göründi we içinden inženerimiz böküp düşdi. Ynjaldyk.

Emma beýleki inžener oňa gatyrgandy; 2 sagat gijä galypdy sebäbi.. Ol gijä galan inžener şeýle jogap berdi:

- Hawa gijä galdym, 2 sagat gijä galdym. Sebäbi adaty ýagdaýda biz Aşgabatdan bäriligine bir ulagy ýeke özümiz tutup gaýdýas we 100$ töleýäs. Men bugün beýtmedim; sürüjä garaşjagymy we Nebitdaga çenli başga ýolagçy alyp biljekdigini aýtdym. Ol elbetde ulagyna menden başga ýene 3 sany ýolagçy aldy we şeýdip birneme wagt ýitirdim. Hawa, wagt ýitirdim emma ýol harajatym 100$ däl-de 50$ boldy.. Men kärhanamyzyň 50$-yny tygşytladym. Keýpine gijä galamok.. Meň pikirimçe biz hemişe şeýtmeli. Ýol harajaty berilýär diýip edenimiz edip ýörmeli däl..

Gürrüňiniň soňlanmagyna sabyrlylyk bilen garaşyp oturan beýleki inžener ony diňläp bolansoň söze başlady.

- Aslynda seň diýýäniňde jan bar. Indi men şol 2 sagatda näme edenimi aýdaýyn saňa, ikimiz bile karar bereli nähili hereket etmelidigimize..

Senem bilýäň biziň stolumyzyň üstünde kärhanamyza gerekli enjam we olaryň ätiýaçlyk şaýlarydyr himiki goşundylar boýunça baha teklipleri hümer bolup gidýär köplenç. Firmalar bize baha teklip edýärler getirip bereli diýip.. Olary aslynda ýekän-ýekän, setir-setir seljermeli biz, bu biziň borjumyz. Sebäbi ol önümleriň herbiri müňlerçe dollara durýar. Ýöne köplenç ony seljermäge hiçhili wagtymyz bolmaýar we soňky günlere galýanlygy üçin teklibe gönümel gol çekip göýberýäris, netijede şol önümler satyn alynýar.

Öz önümlerini hödürleýän firmalar bolsa köplenç gaty derwaýys däl zatlary-da öz teklip sanawlaryna goşýarlar. Elbetde hökmany suratda alynmalylary hökman almaly, ýöne aralarynda alynmasa-da boljak zatlaram bar. Sen ýokkaň men 2 sagatlap şol teklipleriň ýekejesini seljerdim we teklip sanawyndaky 30 töwerek önümden 2 sanysyny zerur däl diýip hasap etdim we üstüni çyzyp göýberdim. Mukdary bilen bile ol iki önümiň jemi bahasy 25.000$..

Indi sen aýt, kärhanamyzyň serişdelerini tygşytlamak babatda eden hereketlerimizden haýsymyzyňky has dogry?!

Cesme: Konsultant

Sorag-jogap, Yeser tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir