---Ay,sallahyñ it-da,Bally aga. Wagtly-wagtynda gazanyñ gulagy gyzdyrylyp, yuwundy berilmese natsin. Corejik-zatjagaz tashlasañam tamshanyp yatardy-da janawer.
---Hay, Bally aga, coregem tamdyr bereketi bolmasa boljak dal eken. Buhanka coregi hepdede bir gap edip, galadan dashayan. Oyde ayal adam girip-cykmasa gaty kyn bolyan eken.
---Elbetde,elbetde, shonuñ ucinem tijenmek gerek.
---Tijeg ozuñden,Bally aga.

Bular tama girdiler. Eywana giren yeriñde elyuwar legen suwdan dolup durdy. Gapdalyndaky mis kunduk yykylyp, suwy yeten yerini palcyk edipdir. Daliziñ torunde letde geyimler baslygyp yatyrdy. Garny yaryk yatan bir gap bugdayyñ ustunde sycanlar bazar gurayardylar. Daliziñ bir burcunda duran uc pelteli keregazyñ ustgi bolegi gysharyp durdy. Bular sag tarapgy acyk gapa girdiler. Yzgaryñ ysy Bally husydyñ burnuna haplap urdy. Takyr yere shaly saman dushelip, onuñ ustunden galyñ-galyñ keceler yazylypdy. Myhmany oturdyp, Jalay molla cay gaynatmaga meydana cykyp gitdi. Bally husyt yene towerek-dashyny synlamaga bashlady. Arka yuzunde owrum eder yaly darajyk yer goyulup gurulan uc tekjeli ullakan kesek peciñ hasham ucin guyulan gashynyñ uc-dort kerpiji gopupdyr. Peciñ iñ yokarky tekjesinde Goyunly agadan galan bir jup messi cañ basyp yatyrdy. Ortadaky tekjede bar yeri cheñklenen ceynekler bilen gyrasynda diri-bitin yeri galmadyk, gadik-gadik,iri pagta gulli kaseler durdy.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir