...Begeyik sopynyñ sadakasyndan cykyp, Obadashy Bally husyt bilen Jalay molla bile gaytdylar.
---Jalay molla, eneñ-atañ gaydysh bolanyna bash yyl dagy boldy. Shukur,mal dowletiñ yeterlik bar. Sheydip geziberjekmi. Oylenmek niyetiñ yokmy.Yashyñam bir cene barandyr.
---Hawa,shu yyl otuz yashayan.
---Ana,gorduñmi. Bu caka cenli oylenen bolañda cagalaryñ ep-esli boljak eken.
---Wah,nasini aydyañ,Bally aga. Hossar yok,howandar yok. Ene-atadan ayrylyp,yeke galdym. Ugur-yol tapamak. Yogsa,galyñ tolemage mal-garam yeterlik. Biri oñume dushup,gudacylyga barsa, gyz tapyp, oyli-ishikli bolmaga yardam etse,ondan zadymy gaygyrjak dal.Agzyna syganyny aydaysyn.
---Oñuñe dushen adamyñ hyzmat haky name bolyar.
---Bir goleli sygyr berjek. Az gorse bir msñramaz goyunam goshjak.
---Beyle bolsa,men seniñ oñuñe dusheyin. Adim urup baryan Jalay molla sakga durdy.
---Gepiñ cynmy,bacharyp bilermiñ.
---Meniñ basharmajak zadymbolmaz. Iki gunuñ icinde galyñyñyzy getiriberiñ diyer yaly ederin.
---Agzyñdan Huday eshitsin,Bally aga. Aydanyñ gelsin.
---Aydanym bola-bola gelyandir. Men bihal adam daldirin,Jalay molla.
,,Hay,oz-a magtanjañ zaññar. Zyyany yok,oñume dushup,oylendirse bolyar. Galany hich".
Bular Jalay mollañ tamynyñ deñine geldiler.
---Bally aga,munca bolanyna gora, oye sowulup,bir ceynek cay icip git. Galan gurruñi hem sacak bashynda edeli.
---Yor onda,cay icsek icayeli.Sheydip,sadakañ palawyny cay bilen siñdiraymesek garyna agyrlyk etjek bolyar.Tagamly bishensoñ ep-esli iyipdirin.
Jalay molla icinden sogundi: ,,Gozuñ aksyn. Iller penjelap iyse,sen burnuñ teyindaki yyrtyga okarasy bilen gspgarayjak bolyañ".

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir