Eneyap kanalyndan gozbash alyp, bolunip gaydyan Hunili yabynyñ gayra tarapynda bir oba bardy. Shol obanyñ gunbatar cetraginde suyji suwly ullakan kol shu oba yarashyk berip, yayylyp yatyrdy. Onuñ kenarynyñ ok gecmez, uzyn gamysh tokaylygy bolansoñ oña oba adamlary ,,Gamyshly kol"diyyardiler. Obanyñ ady bolsa ,,Yylgynlydy".Onuñ ajayyp gornushi bardy. Biri-birinden bir sesyetim,iki sesyetim aradashlykda yerleshyan tamlaryñ tewerek-dashlary gok owusup oturan agaclardan,ekinzarlykdan gork alyardy. Atyz-atyz boy jowenleri gorup, gozuñ dokunyardy. Obanyñ ka yerinde garagumy yatladyp duran, gershinde sazak gogerip oturan cageli gum alañlaryshemala syrap duryardy. Obada toraññy,yylgyn tokaylygy kopdi.
Yone,elektrik simleri, gaz turbalary gorunmeyardi.
Gysh gunleri pessejik tamlaryñ morlaryndan zogdurlup cykyan goyry tusseler yetmishinji yyllaryñ bashlaryndan dal-de, ynkylap dowruniñ oba peyzajyndan habar beryardi. Obada tuweley kan turyardy. Hepdede, azyndan, bir gezek, tozany-tozana garyp, gecip gidyardi. Guyz aylary guycli garayel turup, yzyndanam chagba guyyardy.
Gysh dushup,gar yagsa, awcylaryñ guni gelyardi. Her oyde bir ya iki tupeñsaklanyardy. Obanyñ erkek gobeklisiniñ aw edip bilmeyani yokdy. Hat-da, cagalar ucin hem tupeñ sesi gyzyp duran demir pechiñ ustune dokulen tuñche suwunuñ wazyrdysyndan artyk daldi.
Obanyñ gara mallary gyshyna boshlaga goyberilyardi. Mallar oz ayagyna otlap,suw icip, agshamara yataklaryna ozleri dolanyp gelyardiler. Yazyna atyz-cilleriñ gyralaryna,tokaylyklara, otlag meydanlara orklenyardi. Dowarlar bolsa, dort pasylda-da yzy copanly bakylyardy.
Mahlasy, Yylgynly obasynyñ janly we jansyz gornushi shunuñ yalydy.
Dessanyñ bash gahrymany hazir otuz yashynda. Oyunde bir ozi yashayar. Enesi-atasy bash yyl mundan ozal olen.
Onuñ ,Jalay molla" adynyñ ahlak kategoriyasy bilen baglanshygy yok. Ol dunya injen pursaty atasynyñ dosty Alty molla gelipdi. Goyunly aga molla dostunuñ hormatyna caga ,,Molla"diyip at goyupdy. Shol wagt meydanda guycli doly ( jala ) yagyp durdy. Alty molla dostuna ,,caganyñ ady diñe ,,Molla" bolmasyn. Dasharda Allanyñ gudraty bilen jala yagyp dur. Goy,caganyñ ady ,,Jala molla" bolaysyn diydi.
Jala molla ulaldy,kemala geldi. Obada dili yeñiliñ biri ,,Jala mollany" ,,Jalay molla owurdi. Shonuñ bilen onuñ ady ,,Jalay molla" bolup galdy. Bizem ony shol at bilen atlandyryberali.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir