Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, 1-nji iýunda döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy geçirildi, ony Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde hasaba aldylar.
Giň möçberli welosiped çäresine 3 müň 246 adam gatnaşdy, ýygnananlar okuw-türgenleşik sapagynyň barşynda welosiped sürmekde türgenleşdiler, ulagyň bu görnüşiniň häzirki zaman logistika şertlerinde eýeleýän orny barada maglumatlary hem-de şäherleriň köçelerinde welosipedi howpsuz sürmegiň kadalaryny özleşdirdiler.

Çeşme: turkmenportal.com

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir