Biziň hususy habarçymyz TDP-nyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy Bibiaýşa Saparowa bilen söhbetdeş boldy.
Gül-güläleksiz ýazy aýdym-sazsyz toýy göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly ýaşaýşy, bagty çagasyz göz öňüne getirmek, durmuşyň lezzetini çagasyz duýmak asla mümkin däl. Her ýylyň 1-nji iýuny çagalary goramagyň Halkara güni hökmünde bellenilip geçilýän ajaýyp seneleriň biridir. Göz guwanjymyz, ýagty ertirimiz bolan çagalaryň baýramçylygy her bir maşgala, her bir ata-ene üçin aýratyn şatlykly gündir. Çagalar olaryň bagtyýar durmaşda ýaşamagy barada alada biziň ýurdymyzda döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Mälim bolşy ýaly, biziň ýyrdymyz BMG-nyň çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. 1994-nji ýylda Türkmenistan BMG-nyň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna goşuldy. Ýurdymyz çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça bütündünýä Jarnamasyna, Çagalaryň halkara derejesinde ogurlanmagynyň raýat jähtleri boýunça Gaga konwensiýasyna goşuldy. Paýtagtymyzda, welaýatlarmyzda, ähli şäherdir obalarda iň häzirki zaman enjamlary, multimediýa we okuw tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelermize we körpelermize saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan “Ene mähri” saglyk merkezleri, Köpetdagyň sergin jülgelerinde, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri bina edildi. Şu günlerde gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda welaýatlardaky döwrebap çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine badalga berilýär.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Çagalar baýramçylygy gojaman Hazaryň kenaryny ýakalap oturan Türkmenbaşy şäherinde guramaçylykly geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli Awaza milli syýahatçylyk zolagynda aýdym-saz, döredijilik we sport bäsleşikleri, şäheriň çägindäki Ruhyýet köşgüniň ýörite meýdançasynda ýaş suratkeşleriň arasynda “Bagtyýar döwrüň bagtyýar nesilleri” ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň gatnaşan bu çäresinde ýaş suratkeşler öz döreden eserlerini hödürlediler. Olaryň çeken her bir suratynda Türkmenistan Watanmyz, Beýik Ýöpek ýoly, ýurdymyzyň gözel tebigaty, Awaza milli syýahatçylyk zolagy we Türkmenbaşy halkara deňiz porty wasp edilýär.
TNGIZT-nyň Medeni-sport toplumynda “Gül diýarda bagtyýar siz çagalar” ady bilen geçirlen aýdym-sazly çäre hem örän guramaçylykly geçdi. Onda ýaşlar aýdym aýtdylar we tans etdiler. Ýokary ruhybeletlik derejesinde geçen bu çäränuň ahyrynda TDP-nyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çagalaryň tomusky dynç alşy ýetip geldi. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga ýurdymyzyň etrap-şäherlerinden gelýän ýaşlaryň sany artýar. Bu ýyl daşary ýurtly ýaşlaryň hem gelmegine garaşylýar. Şol maksat bilen “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde we TNGIZT-nyň “Arzuw” sagaldyş merkezinde hemde beýleki ýerlerde geçiriljek dürli çäreleriň meýilnamalary taýarlanyldy. Häzir bu ugurda jemgyýetçilik guramalary, häkimlik we degişli edaralar bilen utgaşykly işler durmuşa geçirlip başlandy. Çagalaryň tomusky dynç alyşlarynyň ýatda galmagy üçin dynç almaga gelýän çagalary Türkmenbaşy şäheriniü gözel ýerlerine taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Hazar döwlet goraghanasyna syýahatlary, deňizde gämili gezelençleri gurnamak, sportuň dürli görnüşleri, aýdym-saz dürli bäsleşikleri geçirmek hem göz öňüne tutulýar.
Durmuşymyzyň gülleri ynsanyň bagty bolan eýjejik çagalara bolan söýgi adamzadyň iň beýik duýgusydyr. Goý biziň her bir günimizi şatlyga öwürýän eýjejik çagajyklaryň gülki sesleri hemişe belentden ýaňlansyn!!!

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir