Soýen soýülmeldälmikä...

Mejnun boldym sen yshkynda ,
Söýen söýülmeldälmikä?
Seniñ adyñ her goşgymda,
Söýgiñ duýulmaldälmikä?

Ýürek küýsäp etýär telwas,
Gül bereyin söý meni has.
Söýülseñde sen çekip näz,
Mähriñ berilmeldälmikä?

Duýşde goryan diñe seni,
Gynamada bilgin çeni.
Hijran oda ýakdyn meni,
Söylen köýülmeldälmikä?

Söýgi diyip köýdi bu ten,
Köýük bolup söýmesi geñ.
Gurak beden gözümde nem
Guran suwarylmaldälmikä?

Lebim degirsem lebiñe,
Uzat yar eliñ-elime.
Ashyk men inçe biliñe,
Ogshap guçulmaldälmikäm?

Bagta sary yöräp barýan,
Señ söýgiñi gorap barýan.
Bu bedenden çykýança jan,
Bagtym duýulmaldälmikän?
Söýen söýülmeldälmikän?

Daýanç Kasym

Edebiýat, Daniel98 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir