“Supradaky nan-aýdym hem mukam” diýip, mukaddes çörege egsilmez söýgi bilen garaýan halkymyzyň duz-tagama bolan hormatyny galla bolçulygyny döredýän zähmetkeş babadaýhanlara goýýan hormatyndan, mukaddes çörege bolan çäksiz sarpasyndan gaýdýan gözbaşdyr.
Altyn güýzde “Bir dänäm müňlesin” diýip ak sakgal gojalarymyzyň “Bissimillasy” bilen ak pata berlip başlanýan bereketli topraga tohum taşlaýan zähmetkeş babadaýhanlaryň çeken zähmetiniň miwesini görmeli arzyly pursady bolan galla oragy hem alkymlap geldi.
Ygşyldap oturan uç-gyraksyz ýaşyl maýsaly pellere nazar aýlanyňda gözüňi dokundyrýan galla meýdanlarynyň mukaddes çörek bolup raýatlarymyzyň bereketli saçaklaryna doljak günleri hem ýakynlap geldi. Şonuň üçin Hormatly Prezidentimiz özüniň soňky geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde güneşli Diýarymyzda Galla oragyny guramaçylykly geçirmek, orak möwsümi döwründe hiç hili bökdençlikleriň ýüze çykmazlygy barada degişli ýolbaşçylara, welaýatlaryň häkimlerine berk tabşyryklar berdi. Hormatly Prezidentimiz mukaddes çöregimiziň ýaşaýşyň gözbaşydygyny özüniň çykyşynda nygtap geçdi.
Geljek erteleri şu günlerimizden eşretli, nurana görünýän halkymyzyň Bagtyýar döwri baky bagtyýarlyga tarap barýar. Özüniň taýsyz ösüşleri bilen dünýä tanadýan Berkarar döwletimiz “Türkmenistan – Bеýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda has-da bagtly, eşretli döwri-döwranlara, ajaýyp ertelere baky soňlanmajak bagtyýarlyk mukamyny çalyp barýar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir