2018-nji ýylyň maý aýynyň 21-27-si aralygynda Hindistan Respublikasynyň Deli şäherinde biologiýa, himiýa, fizika, matematika dersleri boýunça 7-nji Halkara Amity olimpiadasy geçirildi. Bu bäsleşige jemi 13 döwletden: Hindistan Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Gyrgyzystan Respublikasy, Indoneziýa, Türkiýe Respublikasy, Bangladeş, Şrilanka, Russiýa Federasiýasy... jemi 238 sany zehinli okuwçy özaralarynda bäsleşdiler.
Halkara olimpiadasynda himiýa, biologiýa, fizika dersleri 2 tapgyrda: (nazary bilimler we tejribe işi), matematika dersi bolsa 1 tapgyrda (nazary bilimler) geçirildi. Bäsleşigiň nazary bilimler we tejribe tapgyrlary Amity uniwersitetiniň dersler boýunça degişli okuw binalarynda geçdi.
Bu abraýly Halkara bäsleşigine ýurdumyzyň 20 sany zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan topary gatnaşdy. Türkmen toparyna Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň himiýa mugallymy Jelaletdin Rejepow bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Toýly Gurbanow ýolbaşçylyk etdiler.
Halkara olimpiadanyň geçiriliş tertibine görä, bäsleşigiň dersler boýunça 4 ugurda: nazary bilimlerine, tejribe işine, nazary bilimler bilen tejribe işiniň netijeleriniň jemlerine, şeýle hem gatnaşan döwletleriň okuwçylarynyň arasynda has tapawutlanyp, ýokary netije görkezen okuwçylara görä aýratynlykda ýeňijiler yglan edilip, degişli medallar we ýadygärlik sowgatlary berildi.
Halkara olimpiadada Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçylary Ahmet Çommanow (fizika) 1 altyn medala, 3 bürünç medala, Seýdulla Narkulyýew (matematika) altyn medala, Kerwen Gadamow we Atabaý Allamyradow (himiýa) altyn medallara, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Gülälek Çaryýewa (matematika) altyn medala, Aşgabat şäherindäki Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Serdar Orazgeldiýew (fizika) bürünç medala, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçylary Kerimguly Gurbanmuhammedow (biologiýa) altyn we kümüş medallara, Serdar Gurbanmyradow (biologiýa) kümüş we bürünç medallara, Öwezmyradow Azim (biologiýa) kümüş we 2 sany bürünç medallara, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Agamyradow Rahman (matematika) altyn medala, Nuryýew Serdar (himiýa) kümüş medala, Ýaraşow Gadam (biologiýa) bürünç medala, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Merdan Azatjanow (himiýa) bürünç medala, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Amir Kadyrow altyn medala mynasyp bolmagy başardylar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň saýlama zehinli okuwçylary üstünlikli çykyş edip, 8 altyn medal, 4 kümüş medal, 9 bürünç medal (jemi 21 sany medal), şeýle hem 6 okuwçy höweslendiriji baýraklary eýelemegi başardylar.
Halkara olimpiadanyň guramaçylyk toparynyň emin agzalary ähli dersler boýunça gazanan ýokary netijelerini nazarda tutup, ýurdumyzyň zehinli okuwçylarynyň saýlama toparyna Baş baýrak – Ýeňijiniň ýörite nyşany (OVERALL WINNER) gowşuryldy.
Bäsleşigiň geçýän günlerinde guramaçylyk topary okuwçylary Deli şäheriniň gözel ýerlerine, Agra şäherindäki Tajmahal ýadygärlikler toplumyna, Deli şäheriniň Noida etrabynda ýerleşýän Amity uniwersitetine gezelençleri guradylar.
Halkara bäsleşigiň Amity uniwersitetinde geçirilen ýapylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi hem gatnaşdy. Ol Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň dünýä derejesinde rowaç alýandygynyň şu halkara olimpiadada görkezen ýeňişleriňiz hem subut edýär diýip, zehinli okuwçylarymyzy üstünliklerini uly buýsanç bilen gutlady.
Pursatdan peýdalanyp, ýaş nesilleriň Halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegine giň ýol açan, dünýä ülňülerine laýyk şertleri döredip berýän Mähriban Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza bäsleşige gatnaşan zehinli mekdep okuwçylarynyň alkyşlarynyň çägi ýok!

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir