Ýurdumyzda şanly sene — Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenilýär. Halkymyzyň özboluşly däplerinden başlanýan haly we dokma işiniň ussatlaryny sylaglamak dabaralary pudagyň işgärlerine çuňňur hormat-sarpanyň nyşanyna öwrüldi, çünki olaryň zehini hem-de joşguny bilen ata-babalarymyzyň özboluşly medeni mirasy aýawly saklanyp we baýlaşyp, dogduk Diýarymyzyň ykdysady kuwwaty barha ýokarlanýar.

Dürli döredijilik duşuşyklary, çeperçilik sergileri hem-de bäsleşikler, sazly çykyşlar we sport ýaryşlary çäreleriň baýramçylyk öwüşginini artdyryp, milli baýlygymyza — türkmen halysyna bagyşlanma öwrüldi.

Gadymy halylaryň reňkleriniň solmaýşy ýaly, el hünäriniň şan-şöhraty hem ýüzýyllyklaryň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan köp sanly muşdaklary haýran galdyrmagy dowam edýär.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda halyçylaryň we dokmaçylaryň hünär baýramçylygynyň hormatyna geçirilýän medeni çäreler aýratyn many-mazmuna we ähmiýete eýe boldy. Halkymyzyň döredijilik zehini biziň günlerimize gelip ýeten nepis halylarda, ajaýyp matalarda, keşdelerde tutuş dünýä açylýar. Häzir dünýäniň iri muzeýlerinde türkmen ussatlarynyň ençeme nesilleriniň dokan halylarynyň, ýüpekleriniň hem-de egin-eşikleriniň nusgalary taryhy gymmatlyklar hökmünde saklanýar.

Baýramçylygyň hormatyna esasy dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösüşini we döredijilikli ruhuny alamatlandyrýan ak mermerli gözel paýtagtymyzda geçirildi. Şäher binagärlik toplumlarynyň ajaýyplygy, olara mahsus bolan özboluşly milli öwüşgin daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar. Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryny bezeýän meşhur haly gölleriniň nagyşlary onuň çeper beýany bolup durýar.

Şanly waka Türkmenistanyň dokma we haly önümleriniň halkara sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisi bagyşlandy.

Ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň gazananlaryny we geljegi uly ugurlaryny şöhlelendirýän bu forumlar dünýäniň dokma senagatynda döwrebap tehnologiýalary hem-de täzelikleri, moda meýillerini görkezmek, bu ulgamda daşary ýurtly kärdeşleri özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga çagyrmak üçin ajaýyp çärä öwrüldi.

Şu gezekki foruma gatnaşmak üçin Aşgabada dünýäniň ýigrimi ýurdundan kompaniýalara we firmalara wekilçilik edýän toparlaryň düzümi dünýäniň işewür toparlarynyň sazlaşykly ösýän ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny, geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmek, täze hyzmatdaşlar üçin bolsa gatnaşyklary ýola goýmaga bolan islegleri tassyklaýar. Olaryň hatarynda Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Hindistandan, Türkiýeden, Singapurdan, Iordaniýadan, Pakistandan, Owganystandan, Litwadan, Gruziýadan, Gazagystandan, Ermenistandan, Özbegistandan iri kärhanalaryň — önüm öndürijileriň hem-de söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ylmy-barlag we medeni merkezleriň wekilleri, alymlar, bilermenler, türkmen el halysy sungatynyň muşdaklary bar.

Halkara ykdysady serginiň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde guralyp, oňa hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary hem-de daşary ýurtly işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda tanymal halyçylar hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinden önümçiligiň öňdebaryjylary bar.

Ir ertirden bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. “Dokmaçylar” we “Serpaý” tans toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Beýik Ýüpek ýolunyň mowzugy beýan edilýär. Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk saz gurallarynyň toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp halk aýdymlary ýaňlanýar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, onda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda dokma senagatyny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy bellenildi. Pudaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilip, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze dokma toplumlary, haly kärhanalary gurlup, ulanmaga berilýär.

Ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmäge, ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk sungatymyzy dünýä ýaýmaga, türkmen halylarynyň gadymy nusgalaryny dikeltmäge mundan beýläk-de uly üns berler. Pudagyň işgärleriniň, çeper elli halyçylarymyzyň ýaşaýyş-durmuş we iş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça ähli zerur çäreler geljekde hem yzygiderli durmuşa geçiriler diýlip, milli Liderimiziň Gutlagynda bellenildi.

Şu gezek geçirilen sergi hem ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän, hususan-da, dokma senagatynda ösen Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini görkezdi. Diwarlyklaryň ýerleşdirilen bölümleri pudagyň ähli ugurlaryny — güwälendirilen nah ýüplügi we ýüpegi işläp taýýarlamakdan döwrebap dizaýnyň hem-de bezegiň meýillerine kybap gelýän taýýar önümleriň çykarylmagyna çenli iş ugurlaryny wideoşekillerde görkezdiler.

Gündogar bazarynyň özboluşly milli öwüşgini, dürli öwüşginleri hem-de nyşanlary, Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy kerwen ýollarynyň ýokary tehnologiýalar asyrynyň hakyky ýagdaýlary bilen sazlaşygynda mähirliligiň we myhmansöýerligiň ýagdaýy serginiň tapawutly aýratynlygy boldy.

Bu ýerde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň hem-de Merkezi Aziýa sebitinde iri dokma toplumlarynyň diwarlyklarynda pagtany gaýtadan işleýän senagatyň uly mümkinçilikleri bilen tanyşmak bolýar. Dürli tikin önümleriniň, şol sanda garyşyk pagta hem-de emeli süýümlerden dürli önümleriň çykarylyşy innowasiýalara esaslanan dokma önümçiligi tikinçilik we trikotaž pudagyny ösdürmäge kuwwatly itergi berip, içerki bazarda, şeýle hem daşary ýurtlarda türkmen harytlarynyň ýokary düşewüntliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etdi.

Diwarlyklary ýüplügiň we matalaryň nusgalary — setin, ştapel, atlas, şeýle hem jinsi önümleri we trikotaž, erkekler üçin köýnekler, öý üçin niýetlenen dokma önümleri bezedi. Sowgatlyk bukjalardaky ýorgan-düşek toplumlary, hammam we aşhana esbaplary, tüýjümek matadan önümler, jorap önümleri, lukmançylyk pagtasy hem-de kosmetiki pamyk serişdeleri ünsüňi özüne çekýär. “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşanly, ekologiýa taýdan arassa pagtadan öndürilen önümler — ýurdumyzyň eksportunyň möhüm ugurlarynyň biri, häzir bütin dünýäde ykrar edilýän milli nyşan bolup durýar.

Sergide ýüpekçilik pudagyna aýratyn bölüm bagyşlanyldy. Ýüpekçilik ata-babalarymyzyň hemişe özboluşly senedi bolup geldi. Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlarynda iri merkezleriň biri — Gadymy Merw ajaýyp ýüpek matalary bilen şöhratlanyp, olary altyna çalşypdyrlar, Gündogaryň we Günbataryň bazarlarynda uly islege eýe bolupdyr. Häzir hem dünýäniň belli muzeýlerinde gadymy ýüpekleriň we egin-eşikleriň nusgalary taryhy hem-de çeper gymmatlyklar hökmünde saklanylýar.

Ýöriteleşdirilen bölüm ýapraklary ýüpek gurçuklary üçin iým bolup durýan tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmekden başlap, owadan keteni matasynyň ýüpek sapaklaryny taýýarlamaga çenli köp zähmeti talap edýän önümçiligiň tutuş tapgyryny açyp görkezdi. Häzir bu matany eli çeper gelin-gyzlar gadymy däpleri dowam edip, “tara” — kese dokma enjamynda el bilen dokaýarlar. Hut keteni matasy häzir hem gymmatly haryt bolmagynda galýar. Ondan diňe biziň zenanlarymyz milli lybaslary we döwrebap moda köýnekleri tikmek bilen çäklenmän, eýsem, oňa dünýäniň ýokary modalar dünýäsinde hem uly isleg bildirilýär.

Türkmen dokmaçylary panbarhatyň hem önümçiligini sebitde ilkinji bolup, ýola goýdular. Dizaýnçylar we ussatlar bu matanyň dürli görnüşlerini öndürýärler. Olar Ýer ýüzüniň gelin-gyzlarynyň uly isleginden peýdalanýar.

Ýüpek ajaýyp halylaryň önümçiliginde hem zerur bolup, olar şu gün serginiň bölümlerinde hem ýerleşdirildi.

Dokma senagatynyň aýakgap we gön önümleriniň pudagy hem işjeň ösýär. Jinsi matasyny peýdalanmak bilen taýýarlanýan çagalar we sport aýakgaplary, erkekler üçin gönden taýýarlanýan aýakgaplar hem sergide görkezildi.

Dürli öwüşginli sergi “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň “Çeper” el halyçylyk kärhanasynyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşen bölümlerinde eli çeper gelin-gyzlaryň döredýän gölli we döwrebap halylaryň dürli önümlerini öz içine aldy. Ýokary hilli ýüplügi öndürmek üçin çig mal bolup hyzmat edýän türkmen saryja goýnunyň ýüňüniň nusgalary, ösümlik reňkleriniň esasynda ony boýamagyň döwrebap tehnologiýalary, kämilleşdirilen dokma haly enjamlary — bularyň hemmesini sergide görmek boldy. Bu ýerde şeýle hem sungat derejesine ýetirilen bu çylşyrymly senediň däpleri we syrlary açylýar.

Türkmen telekeçileriniň sowgatlyk işleriniň uly ýygyndysy, ajaýyplygy hem-de döredijilik çemeleşmesi bilen tapawutlanýan milli keşdäniň nusgalary ünsüňi özüne çekýär.

Sergide ilkinji gezek eksport ugurly dokma önümçiliginiň galyndylaryny ikinji gezek gaýtadan işleýän täze pudaklaýyn kärhananyň önümleri hem görkezildi.

Ýurdumyzyň dokma senagatyny batly depginler bilen ösdürmegiň baş ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna öňdebaryjy enjamlary öndürijiler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl geçirilýän dokma sergilerine daşary ýurtly gatnaşyjylar, ilkinji nobatda, işiň aýratynlygyny hem-de türkmen kärhanalarynyň isleglerini nazara almak bilen öz täzelikleri bilen tanyşdyrýarlar. Olaryň hatarynda pagta egirme babatda dünýä belli “Rieter” şweýsar kompaniýasy hem-de Germaniýadan, Italiýadan, Belgiýadan dokma enjamlaryny öndürijiler “Demtex” hyzmatlar merkeziniň birleşdirilen bölüminde tanyşdyryldy.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda senagat kärhanalaryny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmakda netijeli gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesine eýe bolan hyzmatdaşlarymyz hem bar. “Cotam Enterprises Ltd.” türk kompaniýasynyň diwarlygy Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän täze dokma toplumlary barada gürrüň berdi. Şolaryň gurluşygyna şu ýyl “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň boýunça Maksatnamasyna” laýyklykda başlandy.

Sergä gatnaşýan moda ulgamynyň ussatlary hem pudaklaýyn forumyň abraýyny tassyklaýarlar. Russiýanyň “RusModa” kompaniýasy sergide “Alexander Terekhow” diýen dünýä belli nyşany bilen tanyşdyrýar. Hakyky ýüpek we täze tehnologik matalardan taýýarlanan taýýar geýimler, owadan hem-de gelşikli köýnekler ýaş dizaýner A.Terehowyň işiniň ýüzi bolup durýar. Olar şu gün halkara sergisiniň çäklerinde guralan moda dabarasynda görkezildi.

Nusgalyk egin-eşikleriň baýramçylyk görkezilişini Aşgabadyň Modeller öýi açdy. Ýurdumyzyň dizaýnerleri hemişe täze çözgütleriň gözleginde bolup, öz işlerine özboluşly öwüşgini, türkmen nagyşlaryny we göllerini, el keşdesiniň owadanlygyny girizmäge çalyşýarlar. Gadymy gündogaryň rowaýatlar we ertekiler dünýäsine alyp gidýän “Ýüpek ýoly” atly agşam we toýda geýilýän lybaslaryň häzirki ýygyndysy bu sungatyň hakyky nusgasy, häzirki zaman biçüwiniň milli lybasyň däpleri bilen sazlaşygynyň beýany bolup durýar. Şifondan, taftadan, mahmaldan, keteniden tikilen ajaýyp köýnekleri görkezýän gyzlarymyzyň ajaýyp syratlary tomaşaçylary haýran galdyrýar.

Modeller öýüniň dokma önümçiliginde özleşdirilen örülen ýüpek matadan taýýarlanan özboluşly çagalar egin-eşiklerine hem aýratyn üns berildi.

Russiýaly myhman A.Terehowyň işi — bir wagtyň özünde asyllylygy hem-de zenan syratyny beýan edýän ajaýyp we gelşikli köýnekleriň görkezilişi täsin şüweleňi jemledi.

Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan serginiň çäklerinde pudagyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat hatlary hem-de gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Şu gün Dokma senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda Germaniýadan, Türkiýeden taryhçy alymlar hem-de sungatşynaslar, bilermenler, ussat halyçylar we haly muşdaklary, täze tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Halyçylar assosiasiýasynyň, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Owganystandaky bölüminiň, Özbegistanyň milli medeni merkeziniň wekilleri boldy.

Türkmen halkynyň ruhy hem-de medeni mirasyny aýawly saklamagyň we giňden ýaýmagyň, el halyçylygynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleriniň milli däplerini baýlaşdyrmagyň wezipelerini çözmekde, pudaga täze senagat tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak, şol sanda ýüňi işläp taýýarlamak hem-de boýamak işlerine ornaşdyrmak wezipelerini çözmekde gazanylan üstünlikler ýygnananlaryň üns merkezinde boldy. Foruma gatnaşyjylar çykyşlarynda gadymy haly gölleriniň gelip çykyşynyň taryhy we aýratynlyklary, beýleki ýurtlarda we dürli taryhy döwürlerde haly sungatynyň ösüşi babatda ylmy-barlaglaryň netijeleri hakynda habar berdiler.

Bellenilişi ýaly, halyçy türkmen gelin-gyzlarynyň elde dokan halylary köp wagtdan bäri dünýä meşhurlygyna eýe bolup, häzir hem ählumumy üns merkezinde durýar. Türkmen halylarynyň hemişelik, öçmejek gözelligi hakynda söhbet açýan “Janly rowaýat” we “Arşyň nepisligi” atly kitaplaryň, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze işiň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli halyçylyk sungatynyň şanly däplerini ösdürmekde we artdyrmakda giňden goldaw bermegi we şahsy goşandy netijesinde, ol häzirki wagtda mynasyp dowamyna eýe boldy. Bu gün gadymy söwda ýollarynyň täze görnüşde dikeldilýän döwründe medeni gymmatlyklary giňden alyşmak üçin mümkinçilikler açylýar, ýurdumyzyň myhmanlary öz ýanlary bilen ýadygärlik üçin ajaýyp halylary we ýaglyklary, lybaslary, dürli sowgatlyk önümleri alyp gidýärler. Olar halkymyzyň özboluşly medeni mirasynyň aýrylmaz bölegini düzýär.

Şu gün agşam ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen uly konsert dokma we halyçylyk pudagynyň işgärleri, aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Dokma we haly önümleriniň halkara sergisi öz işini 28-nji maýda tamamlar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir