Yyldyza syn edyas bakyp asmana,
Damarlar duwulip, agyryar boyun,
Ene-ata,doganlar,gelin,cagalar,
Sholar yyldyz dalmi gokdaki deyin?

Hakykat yzlayar guyy ussasy,
Shonuñ ucin oña goyulyar gadyr.
Shor cykaysa hakykatyñ yoklugy,
Yaramly suw cyksa hakykat shodur.

Bagshy aydym aydyar,dessana dushyar,
Mahella gorarak goshyar ozunden.
Sheydip ozbildigin etse her bagshy,
Name galyar asyl nusgañ sozunden?

Keselhana dushdi soygili zenan,
Yigit derin dokup,yuwurdi her yan.
Gelin nur ecilip,dolandy oye,
Adamsynyñ yhlasyndan sag-aman.

Aktyor oynady durli roly,
Ahyr ozligini tapman kosendi.
Durmush diyilyanem teatr oyny,
Her kim oz-ozune rol yasandy.

Shahyryñ yuregi oran nazikdir,
Sahel zada sansyz cyzyk-cyzykdyr.
Gowni synsa, hergiz, seyik baglamaz,
Onuñ shu tarapy juda gyzykdyr.

Gar yagyp dur, caga elin tutup dur,
Gar tozgasy ayasynda yitip dur.
Hamana,ol elin serip, Gudratdan
Geljegine amat dileg edip dur.

Nalayañ: ,,bishowlyk yzymdan galman,
Hic sypdyrman gelyar,arman,yuz arman",
Belki,onuñ tanap salyp boynuna,
Hut ozuñ ideklap gelyansiñ gorman!

,,Dushmanym yok"diyyañ sen yanyp-bishman,
Ey,sen ga:pyl adam,gaty yalñyshyañ.
Ana, siñek gondy ga:shyñ ustune,
Sen kowup goyberdiñ,o-da bir dushman.

Gelin gayneneden mahir tamakyn,
Ene sayyp,oña ymtylyar yakyn.
Gayyn ene gelne hyrsyz seredyar,
Gozleri mysaly cuyudir cakyñ.

Gara Yolly

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir