Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýaş nesilleriniň soňky jaň dabarasy her ýylyň maý aýynyň 25-inde ajaýyp şäherimiz Aşgabat şäheriniň güni bilen bile bellenilýär. “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda şu mynasyp at bilen geçiriljek soňky jaň dabarasy uly baýramçylyk hökmünde ähli bilim ojaklarynda dabaralanýar.
Ynha-da, iň soňky jaň ýaňlanýar. Bu jaň diňe bir ýaşlary däl, eýsem, ene-atalary-da, mugallymlary-da tolgundyrýan pursat. Bu jaňyň ýaňy her bir ýüregi sarsdyrýar. Sebäbi bu pursata arzuw eýläp ýetdik. Bu ýaşlygyň iň ajaýyp döwri, ähli bäşlikleriň jemlenýän döwri. Bu dabaradan soň, her bir ýaş ýetginjek özbaşdak durmuş ýoluna gadam basmaly. Şu pursatdan başlap, ýaşlaryň öňünde täze bir özbaşdak durmuş gapysy açylýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyz gülläp ösýär. Şu günden beýläk özbaşdak durmuş ýoluna gadam basýan ýaşlar bolsa, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp gitjek ýaşlar bolmalydyr. Bu şeýle hem bolar. Sebäbi ýaşlar mekdepde çuňňur bilim hem-de terbiýe aldylar, geljekde giň dünýägaraýyşly, çuňňur gözýetimli, zähmetsöýer, watansöýüji, ruhubelent, ilhalar adamlar bolup ýetişmelidirler. Ýaşlarymyzyň şeýle adamlar bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Häzirki zaman ýokary okuw jaýlary, önümçilik edaralary ýaşlara garaşýar. Ýurdumyzyň ýagty geljegi şu günki bilim ojagyndan uçurym bolup barýan ýaşlara bagly. Gadyrly ýaşlar, siziň ak mekdepden başlan durmuş ýoluňyza şu soňky jaň dabarasy ykbal sahypalarynyň zeri bolup ýazylsyn! Soňky jaň dabaraňyz gutly bolsun!

Suratlaryň çeşmesi: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir