Aşgabat – türkmen döwletiniň ýüregi, ýüzüniň tuwagy! Türkmen halkynyň guwanjy, mertebesi hem buýsanjy! Aşgabat - Aziýanyň merjen şäheri!
Aşgabat gaýtalanmajak gözelligi, özboluşly hem täsin desgalary bilen göreni haýrana goýýar. Paýtagtymyzyň keşbi, ösüşi bütin ýurdumyzyň keşbi, ösüşi bolup durýar. Aşgabadyň gözelliginden, abadançylygyndan, ýaşaýjylarynyň eşretli durmuşyndan bütin ýurduň ýagdaýyny bilmek bolýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: “Ak mermere beslenen Aşgabat döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşini, jemgyýetimiziň medeni derejesini, ruhy durmuşyny, aň-bilim kuwwatyny görkezýär”. Aziýanyň merjen şäheri Aşgabat dünýäniň iň gözel paýtagtlarynyň birine öwrüldi. Ol dünýäde ekologiýa taýdan arassa, ýaşamak üçin oňaýly, bagy-bossanly, myhmansöýer şäher hökmünde tanalýar. Aşgabat türkmen döwletiniň paýtagty bolmak bilen birlikde, dünýä üçinem möhüm merkeze öwrüldi. Aşgabat – bu halkara syýasy merkez, halkara parahatçylyk merkezi, halkara sport çäreleriniň merkezi, halkara olimpiýa hereketleriniň merkezidir. Aşgabat – dost-doganlygyň şäheri. Tämizligiň we gözelligiň şäheri. Aşgabatda halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar yzygider geçirilýär. Paýtagt şäherimize dünýäniň ençeme döwletlerinden myhmanlar gelýärler.
Aşgabat şäheri häzirki wagtda dünýäde çalt depginler bilen ösýän we özgerýän şähere öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýüregi hasaplanýan paýtagt şäherimiz Aşgabatda täsin binagärlik başlangyçlary işjeň häsiýete eýedir. Şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabatda gurluşyk işleri giň gerim bilen alnyp barylýar. Paýtagtymyzda ajaýyp ýörelgelere laýyk gelýän binalar yzly-yzyna gurlup, şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Paýtagtymyzda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, medeni-maksatly binalar, ajaýyp seýilgähler, döwrebap ýollar yzygider gurlup ulanylmaga berilýär.
Aşgabatdaky täze desgalaryň birtopary özboluşly binagärlik we inženerçilik-tehniki çözgütleri bilen halkara derejeli abraýly baýraklara mynasyp boldy hem Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu täsinliklere şular degişlidir:
1. 2003-nji ýylda “Altyn asyr” halysy – “Dünýäniň iň uly elde dokalan halysy” hökmünde;
2. 2010-njy ýylda Aşgabatdaky beýik Flagştogy –“Dünýäniň iň beýik flagştogy” diýlip;
3. 2008-nji ýylda Nesilbaşymyz Oguz hanyň we onuň ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen arhitektura-heýkeltaraşlyk toplumy – “Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimleri özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher” diýlip;
4. 2011-nji ýylda belent dag gerşinde gurlan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy – “Dünýäniň arhitektura-tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy” diýlen at bilen;
5. 2012-nji ýylda “Älem” medeni-dynç alyş merkezi – “Dünýäde iň uly ýapyk görnüşli aýlanýan karusel” hökmünde;
6. 2013-nji ýylyň 25-nji maýy –Aşgabat ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri diýlip;
7. 2016-njy ýylyň 17-nji sentýabry – Aşgabadyň Halkara howa menzili – “Iň uly göl” binagärlik aýratynlygy bilen;
8. 2017-nji ýylyň 21-nji awgusty – Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Ahalteke bedewiniň çeper keşbi – “Atyň dünýädäki iň uly nyşany” hökmünde;
9. 2017-nji ýylyň 21-nji awgusty – Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň suw görnüşleri merkezi – halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, “Dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz” hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülen, Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda alnyp barylýan durmuş ähmiýetli gurluşyk işleri barha ýokary depginlere eýe bolýar. Dünýä ülňülerine gabat gelýän, ýaşamaga oňaýly, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaý toplumlary, medeni-durmuş maksatly binalar, seýilgähler yzygider gurulýar. Bulardan başga-da gurlup ulanylmaga berlen we gurulýan bilim ojaklary, edara-binalary, myhmanhanalar, stadionlar we beýleki desgalar paýtagtymyzyň görküne görk goşýar.
Ak şäherimizi toplumlaýyn ösdürmek göz öňünde tutulyp, ony gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerine yzygiderli seredilip gelinýär. Her bir gurulýan täze binada ata-babalarymyzdan miras galan binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgalary häzirki zaman ülňüleri bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Paýtagt şäherimizde alnyp barylýan gurluşyklar işlenip taýýarlanylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Aşgabatda durmuşa geçirilýän örän wajyp we möhüm ähmiýetli taslamalar sanardan köp. Ajaýyp taslamalar bolsa, paýtagtymyzyň nurana geljeginden habar berýär.
Häzirki döwürde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi we bu tapgyryň taslamalary boýunça gurluşyk işleri alnyp barylýar.
Döwletli diýarymyzda halkymyz her bir baýramçylygy goşa toý, goşa şatlyk bilen garşy alýar.
Her ýylyň 25-nji maýy – ähli halkymyz, şol sanda bagtyýar ýaşlarymyz üçin iň bir ýatdan çykmajak dabaraly günleriň biridir. Bu gün ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryň “Soňky jaň” dabarasy. Bu baýramçylyk dabarasynyň barha gözelleşýän ak mermerli Aşgabat şäherimiziň güni bilen bir günde bellenilmegi ähli halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Biziň her birimizde ata Watanymyza bolan çäksiz söýgimizi artdyrýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde Aşgabat şäheriniň güni hem okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir