Türkmenabat şäheriniň günortasynda birbada 3 müň tonna gök-miwe önümleri saklanylýan sowadyjy toplum işe girizilmäge taýýarlanylýar. “Lebapmiwe” welaýat obasenagat birleşiginde habar berlişine görä, täze desganyň gurluşyk-oturtma we işe goýberiş- sazlaýyş işleri umuman tamamlandy, eýýäm iýun aýynda gök-miwe, bakja önümleriniň, üzümiň täze hasyly ammarlara basylyp başlanar.

Sowadyjy toplum 4 gektar ýer tutýar. Onda gök-miwe, bakja önümlerini uzak möhletleýin saklamak, welaýatyň alyjylar bazaryny olar bilen durmukly üpjün etmek, şeýle hem witaminlik önümleri ýurduň beýleki sebitlerine ibermek üçin ähli şertler döredilen.

Täze binanyň düzüminde iri önümçilik jaýlarynyň üçüsi, kömekçi jaýlar, önümleriň terligine gözegçilik merkezi, laboratoriýa, saklawjaýlaryň 26-sy bar. Toplum Ýaponiýanyň we Russiýanyň belli kompaniýalarynyň iň döwrebap sowadyjy saklawjaýlary we enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Ýörüte kompýuter programmasy gök-miwe önümleriniň giň görnüşini saklamaga niýetlenen sowadyjy özbaşdak otaglarda howanyň temperaturasynyň we çyglylygynyň amatly derejesini saklanmagyny üpjün edýär.

Kärhanada işgärler üçin oňaýly durmuş-iş ertleri döredilen. Onuň töweregi abadanlaşdyrylan we gök nahallar oturdylan. Täze desgany “Gök zemin” HK-nyň gurluşykçylary bina etdiler.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler, MerjenLB tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir