Ýakynda «Russia Today» halkara teleýaýlymynyň topary Türkmenistanda boldy. Munuň özi türkmen kärdeşleri bilen maglumat alyşmagyň mümkinçiliklerini, hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly sapara öwrüldi. Russiýaly žurnalistleriň pikirine görä, häzirki döwürde bu ugruň uly geljegi bardyr.

Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine mynasyp üstünlikleri gazandy. Milli Liderimiziň işjeň syýasaty, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we durmuş ösüşi Türkmenistany dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna çykardy we oňa halkara bileleşigiň ünsi güýçlendi.

“Russia Today” teleýaýlymynyň işgärleri Türkmenistan bilen ýakyndan tanşyp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlyga we netijeli gatnaşyklara açykdygyny, onuň döwrebap derejede has aýdyň özgerendigini nygtadylar.

“Bu ýere ugramazdan öňürti biz ykjam taýýarlyk gördük, has giňişleýin maglumat almak üçin Türkmenistan hakynda köp zatlary okadyk. Ýöne bu ýere gelip görenlerimiz biziň garaşyşymyzdan has artyk boldy” diýip, Russiýada we GDA ýurtlarynda “RUPTLY” wideoagentliginiň wekili Indira Žarowa gürrüň berýär. Siziň ajaýyp paýtagtyňyz filmleriň we köp sanly sýužetleriň baş gahrymany bolmaga mynasyp. Munuň özi dünýäniň dürli künjekleriniň tomaşaçylarynyň özboluşly gözelligi görmegi üçin zerur” diýip, ol sözüni dowam edýär.

“Russia Today” (RT) teleýaýlymy sekiz täzelikler we dokumental ýaýlymlary, habarlar onlaýn-portalyny birleşdirýär. Olar alty dilde ýaýlyma berilýär, şeýle hem oňa dünýäniň ähli teleýaýlymlaryna seýrek materiallary hödürleýän “RUPTLY” ählumumy multimedia agentligi bar. Moskwadan gije-gündiziň dowamynda “RT” täzelikler teleýaýlymy iňlis, arap, ispan dillerinde habar berýär. RTD dokumental ýaýlym rus we iňlis dillerinde habar berýär. “RT America” we “RT UK” teleýaýlymlary rus we iňlis dillerinde, Waşingtondaky we Londondaky studiýalaryndan göni ýaýlyma çykýarlar. “RT France” Parižden habar berýär. “RT” dünýäniň ýüzden gowrak ýurdunyň 700 million tomaşaçysy üçin gije-gündiziň dowamynda açykdyr.

“Ipsos” halkara barlag kompaniýasy 2017-nji ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda dünýäniň 47 ýurdundan telewizion ülňülere laýyklykda barlag geçirende her hepdede 100 million adamynyň “RT” teleýaýlymyna seredýändigini äşgär etdi. Şunlukda, 2015-nji ýylda barlag geçirilen dünýäniň 38 ýurdunda her hepdede “RT” ýaýlymyň tomaşaçylary 70 milliondan 95 milliona çenli artdy.

Mundan başga-da, “RT” internet ulgamynda iň meşhur täzelik ýaýlymlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde «RT» ýaýlymlaryna edilýän tomaşalaryň umumy sany 5 milliarddan geçýär. «RT» edilýän tomaşalaryň sany boýunça “BBC” teleýaýlymyndan bäş esse ýokarydyr, şeýle hem “CNN” we “Euronews” teleýaýlymlaryndan bolsa degişlilikde 2 we 3 esse ýokarydyr. “RT” ýaýlymynyň onlaýn tomaşaçylary aýda 50 millionlyk görkezijä golaý barýar. Şunlukda, “RT” toparlarynyň saýtlaryna girýän adamlaryň sany “Similar Web” maglumatlaryna laýyklykda 157 milliondan gowrakdyr.

Şunuň ýaly iri mediaholdingiň tejribesi Türkmenistan üçin örän peýdaly bolup biler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumat syýasatyny ählumumy habarlar akymyna goşulmaga gönükdirýär. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň žurnalistika ulgamynyň öňünde täze tehnologiýalary öwrenmek we ornaşdyrmak, halkara habarlar bazarynda milli täzelikleri ilerletmek, ýurdumyzyň anyk keşbini döretmek we tutuş dünýäniň tomaşaçylaryna, okyjylaryna amala aşyrýan özgertmeleri, ýetilen sepgitleri, halkymyzyň abadançylygyna, döwletleriň we sebitiň howpsuz hem-de durnukly ösüşine gönükdirilen başlangyçlarymyzy ýetirmek babatda anyk we gaýragoýulmasyz wezipeleri goýýar.

Şunlukda, “Russia Today” teleýaýlymy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk türkmen kärdeşleriniň guramaçylyk-tehniki geňeşmeler babatda bolşy ýaly, hünär taýdan ösmegi, häzirki zaman tejribelerini özleşdirmegi, häzirki döwürde žurnalistlere we maglumat giňişligi ýaly netijeli bazarda mynasyp bäsdeşlik etmegi üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine oňyn täsirini ýetirer.

Türkmenistandan iki topar işewür gatnaşyklaryň çäklerinde “RT” teleýaýlymynda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdi. Kämilleşdiriş okuwyny geçenler zerur bilimi, ukyplary we mahabat, maliýeleşdirmek we habarlary ýaýratmak usullaryny ele aldylar.

Maý aýynyň başynda “RT” teleýaýlymyň topary Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň açylyşy hakynda ýörite reportaž taýýarlamak üçin biziň ýurdumyza geldi. Teleýaýlymyň beýleki toparynyň ýakynda bolan sapary mahalynda ägirt uly mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde Türkmenistan hakynda dünýä tomaşaçylaryna giňden gürrüň bermek maksady bilen surata düşürmek we bilelikdäki taslamalary taýýarlamak üçin täze pikirler emele geldi. Köne düşünjeleri aradan aýryp, täze nukdaýnazardan gürrüň bermek we Garaşsyz, Bitarap döwletimize täzeçe nazar bilen garamak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatyny beýan etmek üçin giň mümkinçilikler döredi.

Soňra “RT” ýaýlymynyň işgärleri milli Liderimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän “Amur — Hazar 2018” halkara awtorallisi ýaly taslama bilen içgin gyzyklandylar. Ol dünýäniň awtomobil sporty senenamasy, şeýle hem agyr atletika boýunça dünýä çempionaty babatda maglumat taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin dünýäniň ýüze golaý ýurdundan türgenler gelerler. Umuman, ýygjam maglumat gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin pikirleriň çäklerinde Türkmenistan hakynda onuň häzirki döwri, medeni mirasy, syýahatçylyk aýratynlyklary barada dokumental filmler toplumynyň surata düşürilmegini öz içine alýar.

Şeýlelikde, Garagumuň merkezindäki özboluşly desga “RT” teleýaýlymynyň işgärleriniň ünsüni özüne çekdi. Derwezedäki täsinlik indi onýyllyklaryň dowamynda dünýäniň syýahatçylaryny özüne çekýär. Türkmen kärdeşleriniň ugratmagynda olar bu täsirli ýerde boldular we surata düşürilmegi meýilleşdirilýän çäreleri kesgitlediler. Şonda internet ulanyjylara dünýäniň iň täsin desgalaryna 360 gradus formatynda tomaşa etmäge mümkinçilik dörär.

Ýeri gelende aýtsak, Derwezäniň ýalynly künjeginde geljekki filmiň parçalary görnüşinde surata düşürilen wideogörnüşleriň “RUPTLY” saýtynda goýlandygyny we onuň ilkinji gününde beýleki serişdeler boýunça ýaýradylandygyny bellemeli. Olaryň hatarynda Russiýanyň “Zwezda”, “Mir TW”, Awstriýanyň “Krone Multimedia”, Latyn Amerikasynyň “Telesur”, Wenesuelanyň “La tele Tuya”, Panamanyň “TVN Media”, Türkiýäniň “Milliýet”, şeýle hem “Press TV”, “April TV”, “Rossiýa segodnýa”, “Channel 360” ýaly halkara media toparlary we beýlekiler bar.

“RUPTLY” toparynyň Türkmenistanda bolmagy bilen baglanyşykly makala hem-de Derweze täsinligi hakyndaky wideogörnüşler ählumumy ulgamyň täze serişdeleri bolan “Orient”, “Media — Türkmen” habarlar agentliklerinde ýerleşdirildi.

“RUPTLY” meýilnamasynda Türkmenistanyň ajaýyp ýerleri hakynda wideogörnüşler toparyny taýýarlamak bar. Munuň özi müňlerçe jahankeşdede uly gyzyklanma döreder. Şeýle ajaýyplyklaryň hatarynda dinozawrlaryň aýak yzlary, «Köwata” ýerasty köli we başga-da türkmen topragynyň köp sanly täsinlikleri bar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen täze hil derejesinde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy-medeni ýadygärlikleriň bu sanawyň dowamy boljakdygy gürrüňsizdir.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan sebit möçberli taslamalar, onuň ykdysadyýeti, medeniýeti halkara habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekýär. Aşgabat şäheri dürli ýurtlaryň ugurdaş habarlar bileleşikleriniň hyzmatdaşlygy üçin möhüm meýdança öwrülýär.

Şu ýyl paýtagtymyzda Aziýa — Ýuwaş ummany habar beriş bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi geçiriler. Ol Aziýa ýurtlarynyň we beýleki sebitleriň 69 ýurduny, şol sanda Türkmenistany özüne birikdirýär.

Şeýle hem “RT” ýaýlymy Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekmek meýilleşdirilýän bu foruma gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär.

Munuň özi ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň öz täzeliklerini, habarlaryny, makalalaryny daşary ýurtlaryň öňdebaryjy serişdelerinde ýerleşdirmegiň hasabyna öz tomaşaçysyny has-da giňeltmegiň ýolundaky möhüm ädimdir. Beýleki bir tarapdan bolsa, şunuň ýaly hyzmatdaşlyk tejribe alyşmak, täze tehnologiýalary peýdalanmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň teleýaýlymlarynyň täze internet giňişligini we aragatnaşyk serişdelerini özleşdirmekleri üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa milli žurnalistikamyzda has ýokary hilli habarlar serişdeleriniň döredilmegini şertlendirer we hünär ussatlygyny ýokarlandyrar hem-de bu ulgamdaky döredijilik gatnaşyklaryny ösdürer.

Türkmenistan bilen beýleki ýurtlaryň arasynda habarlary alyşmak babatdaky gatnaşyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümet ýolbaşçylary, halkara guramalaryň baştutanlary, dünýäniň döwlet hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirýän ýokary derejedäki gepleşikleriniň barşynda ara alyp maslahatlaşylmaga hödürlenýär. Hyzmatdaşlykda möhüm maglumatlary ýaýratmagyň esasy guraly bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerine aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde halkara gatnaşyklary giňeltmek, halkara bileleşigiň ýurdumyzyň häzirki döwri, onuň ýeten derejesi we üstünlikleri barada habarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça anyk wezipeleri goýýar.

Munuň özi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylyň özboluşly nyşany bolmak bilen, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berer. Çünki habarlar giňişligi ýurtlaryň we halklaryň arasynda ykdysady hem-de medeni gatnaşyklar üçin netijeli meýdança, diplomatiýanyň, ösüşiň serişdesi, açyk, parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklarynyň esasy bolup hyzmat edýär.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir