22-nji maýda geçirilen Hökümetiň ýörite mejlisinde sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň güýzünde Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň “2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Toparyň geçiren mejlisleriniň ikisinde dünýä çempionatyny guramagyň meselelerine garaldy.
Häzirki wagtda ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Ministrligiň ýanynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, iş topary döredildi. Onuň düzümine bu abraýly ýaryşlary geçirmek bilen baglanyşykly dürli ugurlar boýunça hünärmenler girizildi.
Şu ýylyň 28-nji oktýabry — 10-njy noýabry aralygynda türkmen paýtagtynda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna köp sanly türgenleriň, şeýle hem resmi wekilleriň, ýokary derejeli myhmanlaryň gelmegine garaşylýar. Bu çempionatda ýeňiş gazanan türgenler 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma gazanarlar.
Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Çempionaty geçirmek boýunça bu düzüm bilen şertnama baglaşylyp, degişli Düzgünnama hem tassyklanyldy.
Şertnama laýyklykda, IWF-niň guramaçylyk işleri boýunça tehniki wekilleri taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdylar we Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň üpjünçiligine ýokary baha berdiler. Ýakyn wagtda guramaçylyk çäreleriniň çäklerinde ýurdumyza dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň gelmegine garaşylýar.

Çeşme: turkmenportal.com

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir