Milli puluň hümmetini durnukly derejede saklamak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, ilatyň erkin pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we möhletsiz goýum görnüşinde çekmek babatynda anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň bank ulgamy üçin zerur hukuk şertlerini we kepilliklerini döredýär, netijeli ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny geçirýär, pul dolanyşygyny guraýar, hasaplaşyk-töleg ulgamynyň netijeli işlemegini üpjün edýär, bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçiligini guraýar, bahalaryň durnuklylygyny saklamaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar.
Býujetden maliýeleşdirilýän edara-karhanalaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Zähmet haklary, pensiýa we döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary raýatlaryň bank kart hasaplaryna öz wagtynda bökdençsiz geçirilip gelinýär.
“Müşderiniň islegi ähli zatdan öňde” ýörelgesi bank ulgamyny üstünlige eltýän ýoldur. Ösüşe okgunly banklar müşderileriň dürli isleglerini anyklamak we olary kanagatlandyrmak üçin kämil tehnologiýalary ornaşdyrmaga borçludyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlary karz edaralarynda hereket edýän birnäçe goýum hyzmatlarynyň amatly mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Dürli ýaş toparlaryna degişli bolan, nagt we nagt däl görnüşinde çekilýän goýumlara mysal hökmünde Türkmenistanyň “Halkbank” DTB-niň “Bagtyýar nesiller”, TDDYIB-niň “Kämillik sowgady”, “Senagat” PTB-niň “Çagalara niýetlenilen maksatly goýum”, “Ene-atalar hakynda alada” Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň “Talyp goýumy”, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-niň “Ruhubelent nesiller goýumy”, Türkmen-türk PTB-niň “Maşgala süýşürintgileri” atly goýumlaryny görkezmek bolar. Ýurdumyzyň ähli karz edaralary tarapyndan raýatlaryň “Altyn Asyr” bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine ýyllyk 5% möçberinde göterim tölenýändigini hem bellemek gerek. Bu öz gezeginde ilatyň goşmaça girdeji çeşmelerini emele getirmäge mümkinçilik döredýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli karz edaralarynda ýyllyk 5%-6% girdejisi bolan “Goýum bank karty” atly täze goýum hyzmaty girizildi. Raýatlara bu hyzmaty ýurduň islendik bankynda açmak, goýum bank kartlaryna islendik möçberde nagt puly goýmak, töleg amala aşyrmak, kartdan nagt puly almak, bankomatlardan we internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň möçberini bilmek mümkinçiligi döredilen.
Ilatyň erkin pul serişdelerini karz edaralaryna möhletli goýum görnüşinde çekmek hem-de goýumlaryň goraglylygyny hukuk taýdan üpjün etmek boýunça 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda „Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakyndaˮ Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi geçirilýän işleriň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanun fiziki şahslaryň Türkmenistanyň banklaryndaky goýumlarynyň kepilliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny, banklaryň goýumlaryň hökmany kepillendiriliş ulgamyna gatnaşmagyny kesgitleýär, goýumçylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna hem-de ilatyň tygşytlanan pullarynyň çekilmeginiň höweslendirilmegine we bank ulgamyna bolan ynamynyň berkidilmegine gönükdirilendir.
Umuman amatly we çalt hyzmat etmäge gönükdirilen dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň, kämil bank hyzmatlarynyň bu ulgama yzygiderli ornaşdyrylmagy ilatyň ösen talaplaryny kanagatlandyrmaga, olaryň ynamyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşar.

Täzelikler, TDUmaksat tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir