Hususy habarçymyz “Läle plastik” hususy kärhanasynyň baş tehnology Döwletmämmet Täjow bilen söhbetdeş bolanda ol şu aşakdakylary gürrüň berdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine geçilýän döwründe telekeçilik iň bir girdejili pudaklaryň birine öwrüldi. Telekeçiligi ösdürmäge döwlet tarapyndan dürli goldawlar edilmegi we halkyň telekeçilige önüm öndürmeklige bolan islegi, höwesi bu pudagyň çalt depginde ösmegine itergi berdi. Häzirki wagtda telekeçilere ýeňillikli karzlaryň berilmegi salgytdan boşadylmagy we kanunçylykda olara dürli ýeňillikleriň göz öňüne tutulmagy telekeçileriň arasynda bäsdeşligi artdyrýar. Bäsdeşlik bolsa, ösüşe kämilleşmäge täsir edýän esasy şertleriň biridir. 2012-nji ýylyň 21-nji awgustynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi bu ulgamyň döwlet syýasatynda we gündelik durmuşynda möhüm orny tutandygyna şaýatlyk edýär. Indi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy saýlawlara gatnaşyp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýar. Partiýanyň agzalarynyň 14 sanysy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty bolup, olaryň milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gatnaşmagy, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.
“Läle plastik” hususy kärhanamyz barada aýtsak, kärhana 01.11.2016-njy ýylda Türkmenbaşy etrabynda işe başlady. Önümçilik kärhananyň tutýan meýdany 1440 m² bolup, onda Dolandyryş, Önümçilik, Tehniki üpjünçilik bölümleri hereket edýär. Kärhana açylany bäri üznüksiz işläp, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşini köpeltmek boýunça yzgyderli kämilleşýär. Kärhana 3 sehden ybarat bolup, onda üznüksiz iş alnyp barylýar we işler meýilnamadan artyk ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda, kärhanada polietilenden 10-dan gowrak görnüşli önümler öndürilip, bu önümlere içerki bazarda uly isleg bildirilýär. Kärhanada çig mal görnüşli polietilenden ilki polietilen plýonkasy, soňra ýörite enjamlarda taýýar önümler ýagny, polietilen paketleriň we gaplaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada Türkiýäniň we Şweýsariýanyň kämil tehnologiýaly enjamlary oturdylyp, önümçilik üçin gerek bolan çig malyň esasy bölegi ýagny, polietilen Birleşen Arap Emirliklerinden we Saud Arabystany Patyşalygyndan getirilýär. Biz häzirki wagtda “Türkmengaz” DK-niň buýurmasy esasynda Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan “Polietilen we Polipropilen” öndürýän Gazhimiýa toplumynyň açylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Çig malyň ýurdumyzda öndürilmegi önümiň özüne düşýän gymmatyny peseldip, önümçiligi ýöretmegi has hem ýeňilleşdirer we öndürilýän önümleriň alyjylar üçin bahasynyň elýeterli bolmagyna oňaýly täsir eder.
Häzirki wagtda, toplumda 20-den gowrak işgär zähmet çekip, olar ortaça 1200 manat zähmet hak alýarlar. Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzgyderli alada edilip, mundan beýläk önümçiligi has hem giňeltmek meýilleşdirilýär. Kärhana häzirki wagtda meýilnamany 118 göterim ýerine ýetirip, geljekde öndürilýän önümleriň görnüşini köpeltmegiň we hilini ýokarlandyrmagyň hasabyna halkara bazara çykmagy maksat edinýär.

Tehnologiýa, TDUmaksat tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir