Has Turkmeniñ bu eseri mende juda uly tasir galdyrdy. ,,Sheytanyñ nalasy" eysem Sheytanyñ nalasymy?! Yok,juda beyle de dal. Shahyr bu yerde oran ince owrum bilen edebi manyowr edyar. Eser kalplardan sogurlup syñylan ynsabyñ, wyjdanyñ, belent adamkarciligiñ nalasyny eshitdiryar. Indi bigerek bolup baryan shu mukaddes zatlar iñ bir yowuzlygyñ simwoly bolan sheytanyñ zibany bilen Hudaydan nalysh edyar.Cunki,ynsanyyetiñ hazirki hasiyeti sheytanyñ gylygyndan 10 esse oturendir. Gayta, sheytanyñ ozi ynsap-wyjdany yoklaryñ yanynda hasiyetli gorunyar. Durmushdaky jemgiyet eli bilen doredilyan batnyksyz nadurslikler sheytanyñ adyna berilip, ol nalet yassygy bolup galyberyar. Ynsapdan yolunan jemgiyetiñ ,,diñe ozumligi" gara nebsini subse edinip, ynsabyny kalbyndan supurup cykarmagyna getiryar. Ine, onsañ ynsan kalbyndan zyñylyp tashlanan ynsaby hemra edinen sheytan ( ynsaba adam kalbynda yer berilenok ) ynsap bilen ses goshup,Hudaya mynajat edyar. Adamlaryñ kalbyna sahawat ecilip, ynsana ynsanlyk salyhatyny gaydyp bermegi Yaradandan yalbaryp dileyar. Jemgiyetiñ añynda akyl oyaryp, añlayysh bermegi yaraty koñli bilen dileg edyar. Shygry tolgunman okamak mumkin dal. Ajayyp eser.

Edebiýat, garayolly68 tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir